Aşgabatda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadag Serdarly bagtyýar döwür ady bilen döredijilik geňeşi geçirildi. Döredijilik geňeşi Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň iki gezek eýesi, halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewe bagyşlanyldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Saragt Babaýewi Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we we Altyn Aý altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygarynyň astynda geçýän şu ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Saragt Babaýew birnäçe heýkeltaraşlyk işlerini tamamlady. Olaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem-de Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirilen 24 sany daşary ýurtly şahsyýetiň monumental taslamasy bar.

Ýene degişli makalalar

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt edebiýatçylaryna 25 heýkel diker
Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi