17-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistandaky ilkinji golf-klubyň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, açylyş dabarasyna wokal-horeografiki kompozisiýany ýerine ýetirmek üçin döredijilik kollektiwleri çagyryldy.
Paýtagtyň günortda-günbatarynda, 5 ýyldyzly “Ýyldyz” otelinden daş bolmadyk ýerde ýerleşýän golf meýdançasy 70 gektardan gowrak meýdany tutýar.
Proýekt, dizaýn we konsalting hyzmatlary Birleşen Ştatlaryň “Nicklaus design” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi, onuň başlygy Jek Niklaus prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ençeme gezek duşuşyp, biziň ýurdumyzda golfy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda maslahat etdi diýip, TDH habar berýär.
Niklaus 2016-njy ýylyň dekabrynda ýurda sapar edeninden soň, “Berdimuhamedowa golfyň näme üçin gerek bolandygyna düşünmeýändigini, ýöne onuň örän ýakymly adamdygyny” aýdypdy. Berdimuhamnedowyň sözlerine görä, “golf Türkmenistana örän mahsuz oýun, sebäbi ol dünýäde sportuň iň bir meşhur görnüşleriniň biri we ony islendik ýaşda, ýylyň islendik paslynda oýnap bolýar”.
Habar berilmegine görä, golf meýdançasy ýakyn wagtda ýerli ilatdan sportuň bu görnüşiniň bir topar muşdagyny, şeýle-de golf boýunça geçirilýän çempionatlara we dünýä ýaryşlaryna gelýän turistleri çeker.
TDH-nyň bezegi
Döwlet habar gullugy golfuň aňyrsynda ýatan oýunlaryň biriniň türkmen çagalar oýny bolan çilikdigini tassyklaýan makalany hem çap etdi, prezident Berdimuhamedow bolsa “heniz gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýnunyň oýnalandygyny belledi”.
Şeýle-de bu makalada türkmenleriň ata-babalarynyň suwuň öärän çäkli ýerlerinde, gurak howaly klimatda, “çydap bolmajak” yssyda ýaşandygy bellenilýär.
Şol bir wagtda golf meýdançasy hususan-da yssy we gurak howada meýdany suwlamak üçin düýpli suw ätiýaçlygyny talap edýär.
Ýatladýarys, golf meýdanynyň açylyşy ilat üçin ozal mugt berlen jemagat hyzmatlaryna, şol sanda suwa töleg girizlýän wagtynda bolup geçýär.