Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr internet neşirinde habar berilýär.

Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň uçurymy Hurma Jumamyradowanyň döredijiligine degişli işlerden Gülara mugallym, Etýud, Hakykat we hyýal ýaly eserler we beýleki nakgaşlyk suratlary tanyşdyryldy.

Sergide hödürlenen eserleriň arasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan suratlar bolup, olaryň hatarynda Ogulnur Poladowanyň grawýurasyny, Patmagözel Ýagşymuradowanyň keramika eserini görkezmek bolar.

Bu ugurda Täjigül Gurbanowa milli tahýalary şekillendirýän suratlaryny hödürledi.

Sergide bulardan başga-da Aýa Serhenowanyň, Baýramgeldi Möwlamowyň, Jennet Bagşyýewanyň, Merjen Durdyýewanyň we beýleki suratkeşleriň döreden ajaýyp eserleri köpçülige tanyşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda