Aşgabatda türkmen-russiýa ykdysady maslahaty geçirildi

“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda altynjy türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi, onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýanyň baştutanynyň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar şu gezekki maslahaty geçirmek üçin möhüm esas bolup hyzmat etdi.

Ýokarda agzalan gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine doly laýyk gelýär.

Şol gepleşiklerde döwlet baştutanlary söwda-ykdysady we maýa goýum babatynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, iki dostlukly halkyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bähbidine bu gatnaşyklara täze okgunly häsiýet berilmegine ýardam etmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli önümleriniň bazarlarynda özara bähbitli bäsleşik gurşawyny döretmek üçin senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Ylalaşygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Şu gün türkmen paýtagtynda geçirilen türkmen-rus ykdysady maslahaty netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has geljegi uly ýollaryny anyklaşdyrmaga ýardam bermelidir.

Bu gezekki işewürlik duşuşygyna türkmen tarapyndan pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta gönükdirlen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir.Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we ýokary derejedäki gepleşikler, şol sanda halkara ähmiýetli iri çäreleriň çäklerinde guralýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda iki dostlukly ýurduň baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara düşünişmek we ynam ýagdaýy möhüm şert bolup durýar.

Olar däp bolan döwletara gatnaşyklaryny özara bähbitlere hem-de häzirkizaman ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýärler.

2017-2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Hökümetara türkmen-russiýa Maksatnamasynyň hem-de söwda, senagat, energetika we inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba we balyk hojalygy, ulag we ulag geçelgeleri, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmen bazarynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýan hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirilýän Russiýanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň üstünlikli işleýändigi ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda Russiýa tarapynyň gatnaşmagynda 180-den gowrak kärhana bellige alyndy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň howandarlygynda söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça Ýokary derejeli topar hereket edýär.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň üstünlikli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, şu gezekki duşuşygyň ykdysady hem-de intellektual mümkinçilikleri has giňden herekete girizmek maksady bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

RF-niň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti çykyşynyň başynda ajaýyp ak mermerli Aşgabatda özlerini örän mähirli garşylandyklaryny hem-de türkmen paýtagtynyň gözellige we binagärlige aýratyn sarpa goýýanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligi aýratyn nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň wekilleri, şeýle hem şu ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutladylar, şonda türkmen türgenleri 245 medala mynasyp boldular, şunda “Aşgabat-2017” oýunlarynyň ägirt uly geriminiň geljekki yklym derejeli sport ýaryşlary üçin ýokary derejeli nusgadygy nygtaldy.

GDA ýurtlarynyň statistika komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň aňrybaş ösüşi babatynda takmynan 6-7 göterim ösüş depgini bilen Arkalaşygyň ýurtlarynyň bäşligine girendigi habar berildi. Umumy bazarda emele gelen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň uzakmöhletli geljege gönükdirilen esas bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Myhmanlaryň çykyşlarynda ýakynda Moskwada türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasynyň geçirilendigi bellenildi. Bu neşiriň diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, russiýalylar üçin hem ähmiýeti nygtaldy, sebäbi bu eser özara düşünişmäge we ynama esaslanýan medeni, söwda gatnaşyklarymyzyň gadymy ýörelgelerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat we medeniýet merkezleri bilen göni ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki maslahata hem Russiýanyň 8 sebitiniň wekilleri gatnaşýarlar. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan, Swerdlowsk, Belgorod oblastlary we RF-niň beýleki sebitleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.

Prezident Wladimir Putiniň biziň ýurdumyza bolan saparynyň barşynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň administrasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ýygnananlar biziň ýurtlarymyzyň şertnama-hukuk binýatlarynyňgiňeldilmegi, wekiliýetleriň özarasaparlarynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi, sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmak ýollary esasynda sebitara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanylýandygyny bellediler.

Ynsanperwerlik ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Hususan-da, Orýol oblastynyň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň ýanyndaky wekilliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Mary we Orýol şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny belledi.

Orýol şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde köpsanly türkmen talyplary okaýarlar.Bilelikdäki medeni çäreleri, çeperçilik sergilerini, medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryny, Medeniýet günlerini, ylym-bilim forumlaryny we maslahatlaryny ýygy-ýygydan guramaga gyzyklanylýandygy bellenildi.

Orýol oblastynyň döredijilik intelligensiýasynyň türkmen suratçylarynyň işleri bilen içgin tanyşlygy nygtaldy.Bularyň hemmesiniň biziň halklarymyzyň arasyndaky işjeň gatnaşyklary, dostlukly arabaglanyşygy mundan beýläk has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri hakyndaky wideofilim görkezildi.

Türkmenistan bu gün ykdysadyýeti okgunly ösýän we daşary ýurt maý goýumlaryny özüne çekiji döwletdir. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de köpugurly ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy innowasion ýörelgelere we usullara daýanýar.Munuň özi jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini, senagat önüminiň önümçiliginiň, daşary söwda dolanyşygynyň, içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň durnuklylygyny saklamaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ösüşiň milli nusgasynyň netijeliligini durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary görkezijileri hem tassyklaýarlar.

Ol görkezijiler dünýäniň abraýly jemgyýetçilik we maliýe guramalary tarapyndan ykrar edilendir.

Ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda karz syýasatynyň ösdürilmegini, ýurdy senagatlaşdyrmagyň işjeňleşdirilmegini, import harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň döredilmegini we eksportyň möçberini, hususan-da, tebigy gazyň eksportynyň möçberiniň artdyrylmagyny görkezmek bolar.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilen wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmägeRussiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň giňden gatnaşmak mümkinçiliklerihas jikme-jik ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, bu maslahat taryhy arabaglanyşyklara esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň bähbitlerine laýyk gelýän dostlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine doly laýyk gelip, ýokary hil derejelerine ýetendiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy
Türkmen-rus işewürlik maslahaty dowam edýär
22.11.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
16.08.2018 | Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy tassyklanyldy
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa