Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, Da Afghanistan Breshna Sherkat energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere garadylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly edilýän işlere seljerme berildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we döwletleri birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge taýýardygy beýan edildi.
Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak babatyndaky mümkinçilikleriň giňeldilmegine üns berdiler.
Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar.