Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Şu gün — 28-nji maýda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi geçirildi

Serginiň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, halyçy gelin-gyzlary hünär baýramlary bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy zenanlara, şeýle-de türkmen halkyna iberen baýramçylyk Gutlagyny okady.

Serhginiň açylyş dabarasynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly, folklor çykyşlarda gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen halysynyň dünýä dolan şöhratyny, şeýle-de häzirki wagtda türkmen halylaryny dünýä tanatmakda alnyp barylýan işleri, şol sanda halyçylara goýulýan belent sarpany wasp etdiler.

Serginiň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýerleşdirilen dürli görnüşdäki halylar, şeýle-de haly we haly önümlerini halk köpçüligine hödürleýän, bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler Orazgül Eýeberdiýewanyň, Kümüş Täjibaýewanyň, Ogulbagt Çopanowanyň we beýleki tekeçileriň taýýarlan haly we haly önümleri görkezildi.

Türkmenistanyň bäş welaýatynyň her haýsyna mahsus bolan halylaryň sergisi hem dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Onda gelin-gyzlar haly dokamagyň inçe syrlaryny, şol sanda haly dokamakda ulanlýan gurallar bilen myhmanlary tanyşdyrdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu günki sergä daşary ýurtlarda türkmen halylaryny öndürmek bilen meşgullanýan kärhanalar hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan gelen türkmenler öz ýurtlarynda öndürilýän halylary bilen sergä gatnaşan myhmanlary tanyşdyrdylar.

Dünýäniň birnäçe ýurdundan gelen myhmanlar Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine aýlanyp, bu ýerdäki halylaryň gözelligine, nepisligine, şeýle-de dokalyş aýratynlygyna ýokary baha berdiler.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň howlusynda geçirilen baýramçylyk sergisi hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Bu ýerde türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslary, şol sanda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary şöhlelendirilip dabara gatnaşan myhmanlara türkmen tagamlary hem hödür edildi.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi
Türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahat geçirildi
TSTB-niň sergisiniň işi bir hepde uzaldyldy