Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy PHW-de RGP arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasy;

Deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Aktau deňiz söwda porty paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen Kazpoçta paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça Ylalaşyk;

Türkmennebit döwlet konserni bilen КазМунайГаз paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

Türkmengaz döwlet konserni bilen QazaqGaz milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe bazaryny dolandyrmak we ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiň arasynda sanlaşdyrmak we maglumat tehnologiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Ýolagçylaryň we ýükleriň halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

2025-2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Hemmetaraplaýyn Maksatnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk.

Şeýle hem ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama
Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Türkmenistan we Gazagystan resminamalar toplumyna gol çekdiler
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy