2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, ABŞ-niň wekiliýetine bolsa Türkmen amerikan işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdiler.
Maslahata “Case New Holland”, “Boeing” “John Deere” ýaly birnäçe amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşyp, ýakyn geljek üçin meýilnamalary kesgitlediler. Türkmenistanyň resmi wekilleri bilelikdäki taslamalary has giňişleýin maslahatlaşmak üçin amerikan işewürleri bilen duşuşyklary geçirdiler.
Bu maslahatlaşmalar özara bähbitli gatnaşyklary berkitmekde Türkmen amerikan işewürler geňeşiniň möhüm orun eýeleýändigini görkezdi. Gatnaşyjylar Geňeşiň türkmen hyzmatdaşlary bilen guraýan yzygiderli duşuşyklarynyň, maslahatlarynyň we sergileriniň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Taraplar söwda we maýa goýumlary, senagat tehnikalary, oba we suw hojalyklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdiler. Energetika, ulag, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş we ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine hem garaldy.
Amerikan kompaniýalary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyny, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.