Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri Türkmenistana geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara Türkmenistanda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, çykyşlaryň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň söwda, maýa goýum işi, işewürler toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandygyny nygtadylar.
Myhmanlar öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, olaryň ýurduň halkynyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň bähbitlerine giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy.John Deere, Case, General Electric, Boeing ýaly kompaniýalar we beýlekiler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda üstünlikli işleýär.
“Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de onuň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu geňeş tarapyndan yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy düzümleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.
Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmegiň hem uly geljegi bar.
Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryna ünsi çekdiler.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň amerikan işewürleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meýilleri ara alnyp maslahatlaşyldy.