Şu gün Aşgabadyň Ýyldyz myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine Case New Holland Industrial, Climate Compass LLC, Honeywell, John Deere, Palo Alto Networks, Visa, Westport Trading Europe Limited ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler.
Işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi bellenildi. Şeýle-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Maslahatda Türkmenistan — ABŞ Işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi hem-de esasy ugurlar boýunça bilelikdäki işiň meýilnamasy bellenilip, soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň amerikan hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirildi. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa hem-de beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Şeýle hem işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi.
Maslahatyň ahyrynda Case New Holland Industrial kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama-da gol çekildi.