14-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisi boldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle-de ABŞ-nyňWestport Trading Europe, Oxbow Sulphur, General Electric, Elizarov Consulting Group, Case New Holland, John Deere, Niclaus Desing, Boeing, Coca-cola kompaniýalarynyň, Memfis uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, bu geňeşiň ýardam bermeginde ýurtda birnäçe proýekt durmuşa geçirildi.
Neşir “aýdyň mysallar” hökmünde şu ýylyň oktýabrynda açylan golf-klubyny we 2015-nji ýylyň aprelinde türkmen aragatnaşyk hemrasy TürkmenÄlem 52°E-niň işe girizilişini görkezýär.
“Şeýle-de mejlisde daşary ýurtly maýadarlaryň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň işiniň hukuk goragy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, TDH habar berýär.
Mundanam başga, mejlisde “bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gelejeginiň bardygy nygtaldy”. Şonuň bilen bir wagtda noýabrda ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň FLEX bilim programmasyna gatnaşjak çagalaryň testden/synagdan geçirilmegine henize çenli rugsat bermändigini habar berdi.