
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, B.Mätiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardamdyr goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güntertibi barada maslahatlaşdylar, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
Halkara guramalaryň, hususanda BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi diýlip, habarda aýdylýar.