14-nji fewralda, sagat 13:00-dan 17:00-a çenli, Aşgabatdaky Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezi ýurduň günorta-gündogaryndaky weýrançylykly ýertitremelerinde ejir çekenler üçin haýyr-sahawat maksatly beriljek zatlary kabul eder. Muny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitter hasabynda mälim etdi.
Häzirki wagtda ynsanperwerlik kömegi üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) zerurdyr.
Möhüm! Ýorganlar täze we selofan bilen örtülen bolmaly.
Ýygnaýyş nokady şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G. Kulyýew, 88.
Türkiýede ejir çekenlere başga nädip kömek edip bilersiňiz?
Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habaryna görä, ejir çekenlere maddy taýdan kömek etmek isleýänler üçin Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynda ýörite hasap açyldy.
6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýedi baldan gowrak ululykda iki ýertitremesi boldy. Weýrançylykly ýertitremesi goňşy ýurtlarda, şol sanda Siriýa, Liwan, Kipr we Yrakda-da duýuldy. Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaý dolandyryş edarasynyň (AFAD) habaryna görä, şu wagta çenli aradan çykanlaryň sany 31 müň 643 adam bolup, 80 müň 278 adam ejir çekdi. 6444 bina ýykyldy.