Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri başlady

18-nji noýabrda agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk sazlary we tanslary, dünýäniň, türkmen we türk nusgawy sazlarynyň eserleri girizildi. Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda halk we estrada aýdymlary belentden ýaňlandy.

Tomaşaçylar Stambul Döwlet döwrebap folklor saz topary we Enwer Meralli, Fulýa Arat, Seher Çelik, Hamdiýe Efeoglu ýaly meşhur ýerine ýetirijileri uly şowhun bilen garşy aldylar.

Ankaranyň Döwlet häzirki zaman tans ansamblynyň ýerine ýetiren tans kompozisiýalary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli öwüşginli bolup, türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine we ösüş meýillerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şu gün, 19-njy noýabrda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi üç gün dowam eder.Sergide Türkiýe Respublikasynyň suratkeşleriniň we halk senetçiligi ussatlarynyň eserleri ýaýbaňlandyrylar.Türkiýäniň amaly-haşam sungaty gadymdan bäri özüniň köpdürlüligi , bezeg işleri, halyçylyk sungaty, küýzegärligi, deri we metal önümleri, öý hojalyk esbaplary, ýaraglary bilen meşhur bolupdyr.

Galaýydan, süňkden, agaçdan, aýnadan, palçykdan ýasalan dürli önümler, örän inçelik bilen bezelen gutujyklar, el işleri amaly-haşam sungatynyň köpsanly muşdaklarynyň ünsüni çekdi. Şeýle sergiler tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär we medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.

Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde çagalar üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy. 500 ýyllyk taryhy bolan Garagöz türk teatry Garagöz Hajywat atly kölege oýnuny görkezer.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda türk matalary hem görkeziler.

Şeýle hem Türkiýäniň milli we häzirki zaman lybaslarynyň tanyşdyrylyşy bolar. Onda häzirki zaman modelýerleriň milli äheňde taýýarlan lybaslarynyň nusgalary görkeziler. Mälim bolşy ýaly, geljekki moda geçmişden gözbaş alýar. Häzirki günde dizaýnerler milli lybaslardan döredijilik ylhamyny alýarlar.

Aşgabat kinoteatrynda türk režissýorlarynyň filmleri görkeziler. Olaryň hatarynda Ýyldyz Tozu çeper filmi we Rafadan Tayfa Göbeklitepe atly multfilm bar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri başlady
Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Malaý edebiýaty
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy