4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Wise-premýer N.Atagulyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.