Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada geldiler.
Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.
Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we täzeçil çemeleşmeleri netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň düýpli ilerledilendigini belläp, türk kompaniýalarynyň eksport ugurly harytlarynyň türkmen paýtagtyndaky 11-nji sergisiniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Ol netijeli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde mümkin bolan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Sergi 6-njy dekabra çenli dowam eder.
Serginiň ikinji gününde türk kompaniýalarynyň täze önümleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşanlara ýörite diplomlar gowşurylar.