Фото azathabar.com
Türkiýäniň türkmen paýtagty Aşgabatda ýerleşýän “Central Hospital” hassahanasy näbelli bir möhlete öz işini togtatdy.
Azatlyk radiosynyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, hassahananyň ýolbaşçylary 4-nji aprelde işgärleri bir aýlyk tölegsiz dyn alşa iberipdirler.
Ýatladýarys, bu hassahana Aşgabatda 1996-njy ýyldan bäri işleýärdi. Onuň 60-a golaý işgäri bardy. Şol işgärleri biri hassshana ýolbaşçylarynyň öz işgärlerinden häzirlikçe başga iş gözlemän garaşmaklaryny haýyş edendigini, emma hassahanadaky işiň haçan dikeldiljekdigi barada hiç bir zat aýdyp bilmändigini gürrüň berdi.
Häzirki wagtda hassahana ýapylan, gelýänleri hatda onuň gapdalyndaky maşyn parkynad-da goýbermeýärler.
“Central Hospitalda’ girip, şäheriň beýleki bölegine, ylaýta-da, Mir-2 bölegine geçip bolýardy. Indi şol ýollara-da ýörite demir germewler goýlupdyr. Üstesinede, onuň Central Hospital’ diýlip ýazylan ýazgysy hem aýrylypdyr. Soňky üç gün bäri analiz almak, keseli anyklamak hem bes edilipdir” diýip, bu sebitde ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
Hassahananyň ýapylmagynyň sebäplerini biri onuň ygtyýarnamasynyň möhletiniň dolmagy we türkmen häkimiýetleriniň ony uzaltmakdan boýun gaçyrmagy bolsa gerek diýip çak edilýär.
“Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi türk keselhanasynyň 2016-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanan lisenziýasynyň möhletini henize çenli uzaltman gelýär. Türkmen häkimiýetleri munuň sebäpleri barada maglumat bermeýärler” diýip, keselhananyň jogapkär işgärleriniň biri habar berdi.
Eger-de bu keselhana öz işini doly bes etse, onda ol türk işewürlerine degişli bolan we soňky döwürde türkmen häkimiýetleri tarapyndan nyşana alnan ilkinji edara bolmaz.Sebäbi ondan öň, 2016-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Aşgabatda türk söwda merkezi bolan “Ýimpaş” ýapylypdy.