Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy

Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy

Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine üns berildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýagyň arasynda geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp malahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar bilelikde alnyp barylýan işleriň pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamyny we beýleki ugurlary bellediler.

AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze bellenen Direktory Artur Andrisýak ýurda iýun aýynyň başynda geldi. Artur Andrisýak ozal AÖB-niň Owganystandaky direktorynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistanyň energiýa we ulag pudaklaryna $625 million maýa goýdy
AÖB Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini goldarýar
AÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegini goldaýar
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär
AÖB we Türkmenistan täze Hyzmatdaşlyk strategiýasynyň üstünde işleýärler
AÖB Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy meýilleşdirýär
Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer