Aşgabatda Tomusky operetta agşamy geçiriler

Aşgabatda Tomusky operetta agşamy geçiriler

Tomaşaçylaryň köp sanly haýyşyndan soň, Nusgawy eserler maksatnamasynyň çäginde 2-nji iýulda Aşgabatda Tomusky operetta agşamy konserti geçiriler.

Konsertde Silwa, Baýadera, Giuditta, Arşin mal alan, Meniň mähribanym ýaly eserler ýaňlanar, Durdy Nuryýewiň Gunça sazly komediýasy we başga çykyşlar bolar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, Aýbölek Muhyýewa Sarasatyň Sygan sazlaryny skripkada ýerine ýetirer.

Konserte Gülnar Nuryýewa, Hasan Jumaýew, Wera Bazarowa, Begenç Moşiýew, Aýbölek Muhyýewa, Adelina Nazarowa we Stella Faramazowa gatnaşar.

Konsert 19:00-da Türkmenistan kinokonsert merkezinde bolar.

Petek satyn almak üçin şu belgä jaň ediň: (+99361) 79 46 91.

Şeýlelikde, şol günki konsert bilen Nusgawy eserler maksatnamasynyň şu möwsümi ýapylýar.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Aşgabatda Janly klassika konserti geçiriler
Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar
Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler