Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler

Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň Sentýabr aýynyň 19-20 aralygynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçiriljek Türkmen maýa goýum forumy we sergisi (TIF 2024) ýurdymyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek üçin iň möhüm halkara platforma hökmünde ykrarar edildi.

Bu çäre Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Söwda edarasy bilen bilelikde gurnalýar.

Forum bu diňe bir akyllaryň bir ýere ýygnaljak ýeri bolman, eýsem daşary ýurt maýadarlarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalaryň duşujak platformasydyr.Bu forum, Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksata meýilleşdirilendir. Şeýle hem, forum ýurduň eksport potensialyny ösdürmäge, ýurdymyzyň telekeçileri bilen daşary ýurtly telekeçileri we maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu sanly ulgamynyň ösüşine we sirkulýar ykdysadyýete geçmek üçin mümkinçilikler döredýän giňişlikdir.

TIF 2024 maksatnamasy hemmetaraplaýyn işlenip düzülen we Türkmenistanyň maýa goýum potensialy, sebitleýin energiýa geçişinde ýurduň ýangyç we energetika pudagynda orny, ulag aragatnaşygy we durnuklylygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, sanly ulgamynyň özgerişleri, ýaşyl ykdysadyýetiň we akylly oba hojalygyny ösdürmegi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýaly giň sanly mowzuklaryny öz içine jemleýändir.

TIF2024 maksatnamasy, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleri we “S&P Global Commodity Insights” guramasynyň hünärmenleri bilen tematiki parallel sessiýalary - Bütindünýa Söwda Guramasynyň we Halkara institutlaryň we edaralaryň gatnaşmagynda tegelek stol maslahatlary hem öz içine alýar.

Ykdysady Üstünlikleriň Sergisi bu diňe bir ýökekeý sergi bolman, eýsem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda senagat pydagy, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagynda soňky ösüşleri görkezjek interaktiw platforma.

Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary bilen, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.Sergi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar we serginiň çäklerinde birža söwdalary hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ministrlikleriniň we milli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar gurnalar.

Çeşme: Türkmenistanyň maýa goýum forumy

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Stambulda Global E-Eksport sammiti geçirildi
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar
Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň rekord derejedäki artyşy
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)