Stol tennisi boýunça 2004-nji ýylda doglanlaryň we ondan kiçi ýaşly ýaşlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Bu barada "Türkmen sporty" gazeti habar berdi.
Ýaryşa 50-den gowrak oglan we 30-a golaý gyz türgenler gatnaşdy.
Çekeleşikli geçen ýaryşda ýaşlar türgenleşikde öwrenenlerini ussatlyk bilen ulandylar. Netijede oglanlaryň arasynda Ilýas Allanazarow 1-nji orna mynasyp boldy. Alibek Jumanow 2-nji, Güýçgeldi Allanazarow 3-nji orunlary eýelediler. Tennisçileriň üçüsini hem bu ýaryşa 11-nji sport mekdebiň tälimçisi Raşid Ahmedow taýýarlady.
Gyzlaryň arasynda Bägül Begenjowa (tälimçisi Raşid Ahmedow) öňdeligi eýeledi. Aýnur Berdiýewa (tälimçisi Lidiýa Ahmedowa) 2-nji, Medine Nurgeldiýewa (tälimçisi Raşid Ahmedow) 3-nji orunlary eýelemegiň hötdesindengeldiler.
Aşgabat köpugurly stadionynda geçirilen ýaryş ugurdaşlykda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna saýlama duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.