1-nji sentýabrda Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň täze korpusynyň dabaraly açylmagyna garaşylýar.
Täze korpus Andalyp we Görogly (ozalky Taras Şewçenko) köçeleriniň kesişýän ýerinde ýerleşýär.
Jemagat gulluklary ugurdaş territoriýany we ýollary dyngysyz ýuwýar we arassalaýar.
Goşmaça. Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri АНТ habar neşiriniň maglumatyna görä, açylyş dabarasyna taýýarlygyň barşynda ýakyndaky etraplarda eýesiz jandarlary tutmak başlandy.
Neşiriň maglumatyna görä, jandarlary tutmak 4766AGE и 7026AGE döwlet belgili mämişi ýük maşynlary arkaly geçirilýär, emma olara ýerli zoogoragçysy, şu etrapda ýaşaýan Galina Kuçerenko päsgel berdi. Ol işçileri we maşynlaryň sürüjilerini wideo düşürdi.
“Men kamerany işletdim welin, olar ýüzlerini bukup, göni gaçmak bilen boldular, emma maňa gije gelip, barybir ähli haýwanlary öldüreris diýdiler, görnüşinden, olara ýokardan şeýle buýruk berlipdir diýip, G.Kuçerenko gürrüň berdi.
Men olara wideoýazgylary internetde ýerleşdirmegi hem-de daşary ýurt diplomatlaryny, şeýle-de Aziadanyň hemaýatkärlerini habardar etmegi wada berdim.Olaryň biri maňa munuň özlerine bildirýän zadynyň ýokdugyny, sebäbi prezidentden ýokarda hiç kimiň ýokdugyny aýdyp jogap berdi.”