
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistan TDG-de synçynyň derejesine eýedir.Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolup durýan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi TDG bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Bu gurama agza ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy.