Aşgabatda talyplar üçin täze okuw ýyly mejbury arassaçylyk işleri bilen başlandy

Aşgabatda talyplar üçin täze okuw ýyly mejbury arassaçylyk işleri bilen başlandy

4-nji sentýabrda irden Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ), Bilim we Medeniýet ministrliginiň daş-töwereginde arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işleri geçirildi.

Bilim resmileri bu işleri amal etmek üçin ÝOJ-larynyň talyplarynyň zähmet güýjünden peýdalandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Arassaçylyk işleri gije sagat 3:30-da başlady we irden sagat 8-e çenli dowam etdi. Talyplar 3:30-da arassaçylyk işlerine girişdiler. Gyzlar ýer süpürmek, zir-zibilleri haltalara gaplamak ýaly işleri berjaý etdiler. Oglanlar ýer depmek, ot otamak, zir-zibil haltalaryny ýük ulaglaryna ýüklemek işlerini ýerine ýetirdiler” diýip, aşgabatly talyp anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Talyp oglanlar bir gün ozal getirilip, üýşmek görnüşde ulagdan agdarylyp düşürilen asfalty pil bilen dargadyp, tekizlemek işlerini hem berjaý etdiler.

“Olar asfalty pyýada ýodajyklara we ýollaryň hatardan çykan ýerlerine ýaýratdylar. Bu işlere ÝOJ-laryň hojalyk işleri boýunça müdirleri, mugallymlar berk gözegçilik etdiler” diýip, başga bir talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Talyplaryň köpüsi ýanynda iýmit hem suw getirip, daň atanda işleýän ýerinde garbandy.

Gije doly ukusyny alman, arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşmaly edilen talyplar sagat 8-den soňra gündelik okuwyna barmaly hem edildiler.

“Arassaçylyk işleri tamamlanandan soň, olardan öýlerine ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlaryna gidip, eşiklerini çalşyp gelmek talap edildi” diýip, aşgabatly talyp aýtdy.

ÝOJ-laryň bilim işgärleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerine talyplaryň takmynan 95 göterimi gatnaşdyryldy.

“Bu işlere diňe saglyk ýagdaýy sebäpli boşadylanlar we prezidente golaý ýokary wezipeli emeldarlaryň çagalary gatnaşmady” diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ÝOJ-laryň rektorlary bu işleri täze okuw ýylynyň başynda “ýokardan” geljek barlagçylary kanagatlandyrmak üçin alyp bardylar.

“Ýokardan gelýän barlagçylar bu işleriň netijelerine görä, rektorlaryň alyp barýan işine baha berýärler. ÝOJ-larda berilýän bilimiň hili hiç kimi, şol sanda barlagçylary gyzyklandyrmaýar. Barlagçylar rektorlaryň arassaçylyk işlerine ýokary baha berseler, onda olaryň prezident tarapyndan sylaglara we hormatlara mynasyp bolmak ähtimallygy ýokarlanýar” diýip, bilim işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň şäheri, şol sanda köçeleri we döwlet binalarynyň daş-töweregini arassalamak we abadanlaşdyrmak işlerinde talyplaryň zähmet güýjünden peýdalanmak tejribesi onlarça ýyl bäri dowam edýär.

Mundan başga-da, talyplar tutuş ýylyň dowamynda köpçülikleýin çärelere hem yzygiderli gatnaşmaga mejbur edilýärler. Bu işlerden we çärelerden boýun gaçyran talyplara okuwdan çykarylmak töwekgelçiligi abanýar.

Ene-atalar we ýerli synçylar bu işleriň we çäreleriň ýaşlaryň bilim almak mümkinçiligini çäklendirýändigini, "ýurtda bilimsiz nesliň köpçülikleýin döremek howpunyň bardygyny" tekrarlap gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada asla mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Talyplardan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Aşgabat arassaçylyk işlerini we köpçülikleýin taýýarlyklary geçirip, Garaşsyzlyk gününe “şaýlanýar”
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär
Diňle: ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär