Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda her ýyl geçirilýän Talyp joşguny talyplar festiwaly geçirildi.Türkmenistan Bitaraplygyň mekany şygary astynda geçýän 2019-2020-nji okuw ýylynyň jemleýji çäresi bolan medeniýet forumyna paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.
Dürli ugurlardan geljekki ýokary bilimli hünärmenler aýdym aýdyp, tans edip we sahnalaşdyrylan oýunlar bilen köpgyraňly döredijilik ukybyny görkezdiler.Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we maglumatlar institutynyň tans topary joşgunly Şatlyk tansy bilen tomaşaçylary özüne maýyl etdi.
M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň talyby Meretgeldi Amangulyýewiň ýerine ýetiren aýdymy Garaşsyz Bitarap Türkmenistana bagyşlanan waspnama bolup ýaňlandy.Nury Halmämmedowyň Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna döreden Türkmen sährasy aýdymyny Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň talyplar topary labyzly aýtdy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş institutynyň talyplary Enejan Rahymowa bilen Jeren Halmyradowa iňlis dilinde Şatlykly gün aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçylary geň galdyrdylar.Watana, halkyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna bagyşlanan çykyşlar özüni egindeşler saýýan türkmen talyplarynyň döredijiliginiň köpugurlydygyny hem-de ýiti zehinini görkezdi.
Festiwala gatnaşanlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan baýraklar gowşuryldy. -Ýaş nesliň şahsy we hünär ukybyny ösdürmegiň ugruny kesgitleýän ýaşlaryň arasyndaky dostluk, döredijilik tejribesini alyşlamk we kreatiw ideýalary kemala getirmek festiwalyň esasy netijesidir diýip ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň baş hünärmeni Şirin Mirmedowa gürrüň berýär. Ýaşlaryň ukybyny açmak üçin şertleri döretmek, dürli çäreler arkaly watanperwerlik terbiýesine, ýaşlaryň arasynda milli taryhy we däpleri wagyz etmäge, şeýle hem özbaşdak bilim almagyny hem-de işjeň raýatlyk ornuny eýelemäge höweslendirmäge ýardam etmek biziň wezipämizdir.