Aşgabatda Talyp joşguny 2024 döredijilik festiwaly geçirildi

Aşgabatda Talyp joşguny  2024 döredijilik festiwaly geçirildi

Aşgabat aýdym-saz merkezinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda Talyp joşguny 2024 döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Talyp joşguny festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.

Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we bäsleşigiň maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we beýleki ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.

Ýene degişli makalalar

13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Eflatun Soçide Geçirilen Halkara Film Festiwalynda Ünsleri Özünde Jemledi
Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti