Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary

Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 54-nji Teke bazar Arkadag oteli we 70-nji Parahat D.Azady metjidi awtobus ugurlary açyldy. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentligi habar berýär.

54-nji Teke bazar Arkadag oteli ugur boýunça awtobus Teke bazar belleniş nokadyndan ugraýar hem-de M.Kaşgary köçesi D.Azady köçesi A.Nyýazow şaýoly Görogly köçesi A.Nowaýy köçesi Bitarap Türkmenistan şaýoly Çandybil şaýolyndan günbatara aýlanyp, Bekrewe şosse Arçabil şaýoly aýlawyndan yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly A.Nyýazow şaýoly M.Kösäýew köçesi A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, Teke bazar belleniş nokadyna gelýär.

70-nji Parahat D.Azady metjidi ugur boýunça awtobus Parahat belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Garlyýew köçesi 10 ýyl Abadançylyk köçesi N.Andalyp köçesi Hoja Ahmet Ýasawy köçesin yzyna aýlanyp, N.Andalyp Arçabil şaýoly Ý.

Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden aýlanyp hem-de yzyna Ankara köçe 10 ýyl Abadançylyk köçesi A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, Parahat belleniş nokadyna gelýär.

Milli goşun.

Ýene degişli makalalar

S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda 6 sany awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi
Aşgabatda 2 sany täze awtobus gatnaw ugry açyldy
Aşgabatda täze awtobus ugurlary açyldy
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy