Aşgabatda täze Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi açyldy

Aşgabatda täze Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi açyldy

Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu täsin desgalary gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Bu ýerde halkara maslahatlary we duşuşyklary, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklary guramak we geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin zerur şertler döredildi.

Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.

Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.

Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.

Maslahatlar merkeziniň içki bezeginde häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri ulanyldy, şeýle hem ussat halyçylarymyzyň dokan guş gölli halylary binanyň otaglaryna aýratyn görk berýär. Bularyň ählisi reňkleriň köpöwüşginliligi bilen birlikde, binanyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Maslahatlar merkeziniň hem-de onuň golaýynda ýerleşen Kabul ediş merkeziniň ägirtligi haýran galdyrýar. Olaryň keşbinde häzirki zaman binagärligi we bezeg ýörelgeleri gadymy milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň öň tarapyny ak reňkli sütünler we altynsow witražlar bezeýär. Binalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Fransuz işewürleri Aşgabada sapar bilen geldi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara — Halk Maslahaty döredildi
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Aşgabatda Kabul ediş merkezi we Maslahatlar merkezi açyldy