Aşgabatda Täze Binalar Ulanmaga Berildi

Türk firmalary tarapyndan gurlan harby mekdebiň we häkimligiň täze binasy dabara bilen açyldy. Açylyş dabarasynda toý bagyny döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow kesdi.

Türkmenistanda Goranmak ministrligine degişli Annaýew Berdimuhamet adyndaky Ýörite harby mekdep bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň täze binasy açyldy. Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan edilen açylyşa ministrler, halk deputatlary, harby ýolbaşçylar we talyplar gatnaşdylar.

Şowhunly dabarada çykyş eden Prezident Serdar Berdimuhamedow parahaty söýüjiligiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatrnaşykaryň ýurduň esasy ýörelgeleridigini beýan edip, milli goşunyň goranyş ukybyny güýçlendirmek maksady bilen ýaş harby gullukçylaryň tälimine aýratyn uly üns berýändiklerini aýtdy. Desgany gezip gören Türkmenistanyň lideri ýolbaşçylardan maglumat aldy.

700 okuwçy üçin niýetlenen mekdepde robotehnika, uçarmansyz uçýan enjamlar we ýokary ukyply goranyş enjamlarynyň ulanylyşy boýunça tälim beriler.

Häkimligiň hyzmatlarynyň bilelikde berilýän täze binasynda bolsa dürli dolanşyk bölümleri ýerleşer.

Türkmenistanyň Lideri şeýle hem ýurdy tarapyndan Täjigistanda gurluşygy tamamlanan 540 okuwçy üçin niýetlenen Magtymguly Pyragy adyndan mekdebiň açylyşyna onlaýn formatda gatnaşdy. Tajisitanyň Prezidenti Imamali Rahman bilen bilelikde mekdebi açdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Reper Akon Türkmenistanda geçirilen konsertde çykyş etdi, Putin Hazar sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, Turkmenportal mobil goşundysyny 100 müňden gowrak ulanyjy ýükläp aldy