Aşgabatda täze awtoulag ötüginiň açylyşyna nähili taýýarlyk görüldi. Içerden syn.

28-nji aprelde Aşgabatda “10 ýyl Abadançylyk” we Nurmuhammet Andalyp adyndaky köçeleriň kesişýän ýerindäki aýlawly çatrygyň aşagyndan gurlan ýerasty awtoulag geçelgesi açyldy.

Bu dabara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň gatnaşmagyna garaşyldy we şu sebäpden golaýdaky ýaşaýyş jaýlarynyň sowadyjylary sökülip aýryldy.

Emma prezident, näme üçindir, açylyş dabarasyna gelmedi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” hemişelik awtory Nataliýa Şabunts bu waka taýýarlygyň nähili geçirilendigini gürrüň berdi.

* * *

21-nji aprelden 27-nji aprele çenli, tutuş bir hepde “10 ýyl Abadançylyk” (ozalky Moskwa) köçesiniň ugrundaky jaýlaryň ikinji gatdan ýokardaky aýnalanan balkonlaryny döwdüler, demir gözeneklerini gopardylar, jaýlaryň diwarlarynyň ýoldan görünýän böleklerini reňklediler, ýoly bejerdiler we onuň boýunda diňe arça nahallaryny oturtdylar.

Öý uprawleniýeleriniň işgärleri aýnalanan balkonlarda özboluşly derňew geçirdiler, tutulary aýyrmaga mejbur etdiler, “artykmaç zatlary” ýygnadylar. Mysal üçin, erkekleriň ýok mahaly, maşynlaryň gymmatbaha ätiýaç şaýlaryny özleri bilen alyp gitdiler.

27-nji aprelde agşamlyk halylary we oturgyçlary getirdiler, ötüge, kurtizankalaryň buduarynyň stilinde ägirt uly nagyş salnan açyk gök reňkli mata guşadylar, ýol boýunda dürli reňkli şarlary asdylar. Emma çörekçiniň golaýyndaky we töwerekdäki maşynlary kowdular.

28-nji aprelde, ir sagat 8-den bagtyýar halky esasan bilim işgärlerini açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine toplamaga başladylar. Biraz soň ýola toý maşynlaryny we gojalaryň münen awtobuslaryny getirdiler.

Sagat 12-ä çenli garaşdylar. Uly başlyklar gelmedi. Gyzlar tans etdiler, ýaş çatynjalar we ýaşulular täze ötükden geçdiler, şarlar asmana uçuryldy, ýadan adamlary öýlerine goýberdiler.

Agşamlyk kwartiralara polisiýa işgärleri aýlandy we ýaşaýjylaryň äpişgelerini açmazlyklaryny sorady, duýdurş berlendigi barada gol çekdirdi. Prezidentiň geçmegine garaşylýar diýdiler. Emma äpişgeleri näçe wagt açmaly däldigini anyklaşdyrmadylar.

Sagat 21-de köp sanly galmagally, ýokarsy çalt ýanyp-öçýän çyraly maşynlar atylyp geçdi we sagat 22-ä çenli beýleki maşynlary ýoldan kowdular. Bularyň hemmesi her gezek faşizm baradaky filmerdäki “Ahtung, ahtung” jeza gykylyklaryny ýatladýardy.

29-njy aprelde ir sagat 4-den Moskwa köçesiniň boýunda we jaýlaryň ýanynda dürli eşikli ýaş adamlar we polisiýa işgärleri peýda boldy. Ýol ýapyldy. “Ýene açylyşmy?” diýlip berlen soraga “Ýapylyş“ diýip jogap berdiler. Mundan anyk aýdyp bolmasa gerek.

Sagat 7-ä golaý ýaş adamlar elewrap, iki ýana ylgaşdylar, iki-ýeke geçegçä sykylyk atyp, haý-küş etdiler.

7:20-de bolsa maşynlardan doly boşadylan we töweregi adamlardan arassalanan Moskwa prospektinden uly tizlikde barýan maşyn kerweni geçdi. Bäş minut soňra çörekçiniň arkasynda bukulan adamlary goýberdiler. Ýapylyş tamam boldy… Kondisionerleri aýryp, balkonlary şunuň üçin döwdülermikä?

“Seni Oguz han düýşünde gördi we çäksiz gahrymançylygyňy duýdy…” (Gözel Şagulyýewa)

Ýene degişli makalalar

TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar