Aşgabatda täze awtobus ugurlary açyldy

Aşgabatda täze awtobus ugurlary açyldy

Şu günden başlap, Aşgabatda 119 we 142 belgili täze awtobus ugurlary işe girizildi. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

“Awtokombinat — “Berkarar” SDM” ugry boýunça hereket edýän 119 belgili awtobus Awtokombinat başlangyç nokadyndan ugrap, A.Niýazow şaýoly — N.Andalyp köçesi — Oguzhan köçesi — Atatürk köçesi, N.Jepbarow köçesi — Ataturk köçesi — Oguzhan köçesi — N.Andalyp köçesi boýunça hereket edip, A.Niýazow şaýoluna, ondan soň bolsa Awtokombinat bellik nokadyna gaýdyp gelýär.

“Teke bazar — Kardiologiýa merkezi” ugry üçin girizilen 142 belgili awtobus bolsa Teke bazar başlangyç nokadyndan ýola çykyp, M.Kaşgarly köçesi — D.Azady köçesi — A.Niýazow şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Çandybil şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Arçabil şaýoly, soňra bolsa 1970-nji köçäniň ugry bilen dowam edip, ahyrky Kardiologiýa merkezine barýar.

Bu awtobus yzyna bolsa 1970-nji köçeden ýola düşüp, Arçabil şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — A.Niýazow şaýoly — M.Kösaýew köçesi — A.Gowşudow köçesi bilen hem ilkinji Teke bazar awtoduralgasyna, bellik nokadyna gaýdyp gelýär.

Awtobuslaryň täze gatnaw ugurlary ilatyň awtoulag ýolagçy gatnawlaryna bolan islegini ýeterlik derejede kanagatlandyrmak we awtoulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.

Ýene degişli makalalar

S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda 2 sany täze awtobus gatnaw ugry açyldy
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
Aşgabatda 6 sany awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi
Daşoguzly daýhanlar ýörite gaznadan ýer böleklerini aldylar
Bagy-bakja bezegidir Zeminiň