Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 114-nji “Teke bazar Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy siziň dykgatyňyza ýetirýär.

114-nji “Teke bazar Türkmen döwlet medeniýet instituty” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M.Kaşgary köçe D.Azady köçe A.Nyýazow şaýoly Görogly köçe A.Nowaýy köçe Galkynyş köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly 10 ýyl Abadançylyk köçe Atatürk köçe bilen hereket edip, “Türkmen döwlet medeniýet instituty” barýar hem-de yzyna 10 ýyl Abadançylyk köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly Galkynyş köçe A.Nowaýy köçe D.Azady köçe A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

Ýene degişli makalalar

Hormatly ýolagçylar!
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy