Aşgabatda täze awtobus gatnawlary ýola goýuldy

Aşgabatda täze awtobus gatnawlary ýola goýuldy

Türkmenawtoulaglary agentligi tarapynadan raýatlara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen agentligiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlarymyzyň awtomobil gatnawyna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze 85, 86, 87, 88-nji awtobus ugurlaryny ýola goýdy. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

85-nji Büzmeýin — Güneş ugry boýunça awtobus Büzmeýin belleniş nokadyndan ugraýar, Senagat köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Olimpiýa köçe — Oguzhan köçe — Gündogar köçe bilen hereket edip, Ýaşaýyş jaý toplumyndan yzyna aýlany Ahal köçe — Diýar köçe — Güneş köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Senagat köçe bilen hereket edip, Büzmeýin belleniş nokadyna gelýär.

86-njy Büzmeýin — Köpugurly hassahana ugry boýunça awtobus Büzmeýin belleniş nokadyndan ugraýar.Senagat köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — J.Hansähedow köçe — M.Garryýew köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Olimpiýa köçe — Ýaşlyk köçe — Azatlyk köçe — Korneýew köçe — Gündogar köçe — Oguzhan köçe — Günbatar köçe — Ahal köçe bilen hereket edip, Ýetginjekler mekdep internatyndan yzyna aýlanyp Ahal köçe — Gündogar köçe — Korneýew köçe — Azatlyk köçe — Ýaşlyk köçe — Olimpiýa köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — M.Garryýew köçe — J.Hansähedow köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, Büzmeýin belleniş nokadyna gelýär.

87-nji Büzmeýin — Garadaşaýak ugry boýunça awtobus Büzmeýin belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe — Kolhozçy köçe — Kemine köçe — J.Hansähedow köçe — Seýdi köçe — Alp Arslan köçe — Altyn asyr köçe — Aşgabat köçe bilen hereket edip, yzyna Garadaşaýak köçe — Magtymguly köçe — A.Batyrow köçe — Seýdi köçe — J.Hansähedow köçe — Kemine köçe — Kolhozçy köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, Büzmeýin belleniş nokadyna gelýär. 88-nji Büzmeýin — Garadaşaýak ugry boýunça awtobus Büzmeýin belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe — G.Orazow köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — M.Garryýew köçe — J.Hansähedow köçe — Magtymguly köçe — Büzmeýin köçe — Geňeş köçe — Kesearkaç köçe bilen hereket edip, yzyna J.Hansähedow köçe — M.Garryýew köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — G.Orazow köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, Büzmeýin belleniş nokadyna gelýär.

Anyk maglumat almak üçin şu telefon belgileri bilen habarlasyp bilersiňiz: 44-33-90, 44-33-91

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Aktýor Mikki Rurk emlägini kömekçisine wesýet etdi
Daşary ýurt metbugatyna syn