Aşgabadyň ýolagçylar awtotransport kärhanasynyň sürüjileri 3-4 günden bäri täze egin-eşikde işe gelmeli edildi. Ozal birnäçe ýylyň dowamynda ak köýnek, gara jalbar, gara galstuk bilen tahýa geýen sürüjiler 5-nji Aziýa oýunlary mynasybetli täze uniforma geýmeli edildiler.
Bir reňkli ýaşyl matadan tikilen jalbaryň üstünden ýaşyl penjek geýip, ýaşyl galstuk dakynmaly diýlip, edara tarapyndan sürüjilere taýýar egin-eşik tikdirilip berlendigini sürüji Myrat aýdýar. Ozalkylar ýaly başyň tahýaly bolmalydygyny-da Myrat sözüne goşýar.
Şeýle egin-eşikleriň tikilmegi üçin, sürüjilerden diňe olaryň ölçegi alnypdyr. Birmeňzeş egin-eşigiň sürüjilere näçeden düşjekdigi häzirlikçe anyk däl.
“Elbetde, edaranyň hasabyna bu egin-eşikleri bize bermejekdiklerini bilýäris, ýöne onuň bahasynyň näçä durýandygy aýdylmady” diýip, sürüjiler aýdýarlar.
Sürüjileri alada goýýan başga bir meseläniň ýüze çykandygyny hem olardan eşitmek bolýar. Häzirki tikilip, taýyn bolan egin-eşikler döwlet ýolbaşçysynyň göwnünden turmandyr diýen gürrüň bar.
Häzirlikçe ol egin-eşikler bilen sürüjiler işe gelýän bolsalar-da, ýakyn günlerde olara başga egin-eşigiň beriljekdigi aýdylypdyr.
“Bahasy belli bolmadyk täze formadaky egin-eşikleriň iki görnüşi üçinem biziň aýlyklarymyzdan tutup galarlar. Bazar bahasyndan iki esse gymmada düşýän bu egin-eşikler üçin aýlygmyzdan tutuljak puly çagalarmyzyň agzyndan kesip bermäge mejbur bolarys.
Akylly-başly bir ugra edilýän iş ýok. Hemme zat şu ýollary söküp-düzüp ýörüşleri ýaly” diýip, awtobus sürüjileriň işleriniň hem barha kynlaşýandygyndan sürüji Myrat zeýrenýär.
“Häzir iş tertibimiz üýtgedi.Ir sagat 6-dan günortan sagat 14-00-a çenli birinji smena işleýär. 14-00-dan, agşam sagat 23-e çenli hem ikinji smena işleýär.
Kä bir liniýalardan awtobuslary azaldyp, beýleki liniýalarda hem olaryň sanyny artdyrýarlar.Mysal üçin, 13-lik 32-lik liniýalarda awtoulaglar azaldylan bolsa, 57-lik liniýada ozalky 8 awtobusyň sany 13-e çenli artdyrdylar.
Bu bolsa sürüjileriň planlaryna uly zeper ýetirýär. Ozal 8 awtobus liniýa çykan wagtynda hem gündelik planmyzy dolup bilmeýärdik. Indi liniýada 13 awtobus bar wagtynda her günki 60 manat planmyzy nädip doljagymyzy bilemizok. Plany dolmasaň hem onuň aratapawudyny aýlygyňdan tutup galýarlar” diýip, sürüjiler aýdýar.
Awtobuslaryň sanynyň artdyrlan liniýalary, esasan sport desgalaryny, stadionlary şäheriň merkezi bilen birikdirýän liniýalar bolup, şäheriň çet-gyralaryna ozal hem az gatnaýan awtoulaglaryň sanynyň has-da azaldylandygyndan, ýaşaýjylar nägile bolýandyklaryny aýdýarlar.