
Türkmenportalyň 25-nji maýda Aşgabatda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adynyň dakyljakdygy barada ozal habar berşi ýaly, şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ilkinji doglan bäbejikler bellige alyndy.
Yslam we Selbi Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Ýazmuhammet we Aýna Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ata-eneleri oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakdylar.
Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.
Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bäbejikleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.
Şeýle-de okaň!