Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy

Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, äze ylmy edara paýtagtyň Bekrewe köçesiniň ugrunda bina edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan Kämil ymarat hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň umumy meýdany 1,5 gektara deňdir.

Toplumyň çäginde halkara ülňülerine laýyk gelýän 4 gatly edara binasy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana bölümi hereket edýär.Onuň edara binasynda maglumat otagy, kitaphana, muzeý, mejlisler zaly we iş otaglary ýerleşýär.

Toplumyň barlaghanalary ylmy işgärleriň gurluşyk materiallaryň we desgalaryň kuwwatyny, ygtybarlylygyny, durnuklylygyny we beýleki häsiýetlerini barlamaklary üçin ähli zerur enjamlar we gurallar bilen üpjün edilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Täze ylmy-barlag institutynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň degişli ugurlar boýunça kesgitlenen wezipeleri ylmy esasda amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri üpjün etjekdigi barada nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy ulanylmaga berildi
ARZUWLAN EÝÝAMYŇ GELDI PYRAGY
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergide görkezildi
Seýsmiki ýagdaýa dunukly gurluşyk YBI täze binasyna göçer
Resmi habar