Aşgabatda 'Sen we men' atly konsert geçirildi

Aşgabatda 'Sen we men' atly konsert geçirildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary döredijilikli guramalaşdyrylan ýene bir aýdym-saz çäresine tomaşaçy boldular. 7-nji awgustda Mukamlar köşgünde dünýäniň meşhur aýdym-sazlarynyň ýene bir konserti geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

7-nji awgustda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde “Türkmenistanyň meşhur DJ” Wladimir Mkrutumow ýene-de soňky ýarym asyryň dünýäde meşhur eserlerini hödür etmek bilen bilen dürli nesillerden bolan aýdym-saz mudaşlaryny birleşdirdi. Bu diňe bir konsert bolman, eýsem zehinli türkmen aýdymçylarynyň duet bolup, ýerine ýetiren "Sen we men" atly konsertidir.

Dürli şahsyýetleri, ses temblerini, temperamentleri aýra-başga görnüşlerde birleşdirmek boýunça döredijilik pikiri , hatda “ýeke” ýerine ýetirilýän eserleri iki aýdymçynyň duet bolup ýerine ýetirilmegi örän üstünlikli boldy. 13 sany çykyşda zenan we erkek aýdymçylary duet we kwartet görnüşinde jemi 16 eseri ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar meşhur daşary ýurt aýdymarynyň türkmen dilindäki görnüşlerini uly şatlyk bilen kabul etiler.

Ajaýyp ýaşlaryň kwarteti: Döwran Şamyýew, Asýa Konstanýan, Mähri Halmamedowa, Meilis Garaýew, ajaýyp opera tenory Nury Nuryýew bilen bilelikde tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip bildi we konsert bir demde geçip, nädip soňlany duýulmady.

Ýaşlar topary konserti “Scorpions” saz toparynyň kompozisiýasy bilen başlady. Ýedinji çykyşda, Şwesiýanyň "ABBA" repertuaryndan "islendik klubda tans meýdançasynyň şa zenanyna öwrülýän" gyz hakdaky disko stilindäki "Dancing Queen" atly meşhur aýdymy ýerine ýetirildi.

Bu aýdym, 70-nji ýyllaryň iň meşhur dünýä aýdymçylaryndan düzülen saz toparynyň iň uly üstünlikleriniň biri hasaplanýar. 1976-njy ýylda Şwesiýanyň koroly Karl XVI Gustafyň we Silwiýa Sommerlagyň toý dabarasynda telewideniýede görkezilen konsertden soň bu aýdym ýyldyrym tizliginde bütin dünýä ýaýrapdy.

Hemişe bolşy ýaly, Döwran Şamyýew duet bolup edilen çykyşlaryň ýedisine gatnaşdy we sesi, janly plastikasy we hereketleri bilen tomaşaçylarda täsir galdydy. Ol Meýlis Garaýew bilen bilelikde "Bagyşla iň kyn söz ýaly görünýär" ("Sorry Seems to Be the Hardest Word") atly aýdymy ýerine ýetirdi.

Döwran Şamyýew Mähri Halmamedowa bilen bilelikde "Sowuk ýürek" ("Cold Heart") aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu aýydymyň awtory ser Elton Gerkules Jon eseri asly alban britan aýdymçysy Dua Lipa bilen ýerine ýetiripdi.

Döwran Şamyýew Nury Nuryýew bilen, amerikaly aýdymçy Şeriň repertuaryndan aýdymyny ýerine ýetirdi, metbugat bu zenan aýdymçyny "pop aýdym-sazynyň hudaýy", "aýallaryň özbaşdaklygynyň beýany" diýip häsiýetlendiripdi. Döwran Şamyýew häzirki wagtda amerikan wokal mekdebinde uzakdan okaýar.

Güýçli sesi bilen tomaşaçylaryň köpüsi üçin haýran galdyryjy açyşa öwrülen Asýa Konstanýan tomaşaçylary özüne çekdi.Ol ilkinji gezek Wladimir Mkrutumow bilen karantinden ozal Birinji seýilgähdäki açyk meýdanda geçirilen konsertde çykyş edipdi.

Ol tomaşaçylaryň ýadynda galdy. 7-nji awgustdaky konsertde aýdymçy alty duetde aýtdy.Konsertdäki her bir çykyş uly şowhun bilen kabul edildi.Emma Asýa Konstanýanyň we Nury Nuryýewiň duet bolup eden üç çykyşy aýratynam "kuba bolerosynyň iň romantik aýdymyna öwrülen" - "Quizas Quizas Quizas" aýdymy uly täsir döretdi.

Kubaly kompozitor we şahyr Oswaldo Farresiň 1947-nji ýylda Ispaniýanyň halk aýdymlary esasynda ýazan bu eseri bütin dünýä "wirus" ýaly tiz ýaýrapdy we köp dillerde ýerine ýetirilipdi.Iňlis dilinde "Perhaps Perhaps Perhaps" ady bilen tanalýan bu eseriň awtory Wifleýeme eden saparynyň dowamynda aýdymyň ýewreý dilindäki görnüşini sürüjiniň kabinasynda eşitdi.

Bu aýdym ýatdan çykarylman, eýsem Julio Iglesias, Sara Montiel ýaly dünýä derejesinde tanymal aýdymçylardan başlap, ýaşlar tarapyndan köp ýerine ýetirilýär.Mysal üçin ispaniýaly "Ole 'Ole" topary öz repertuarynda bu aýdymyň meşhurlygyny täzeledi.

Nury we Asýa hemişe ajaýyp bu aýdymy ispan dilinde ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar Asýanyň güýçli goýy sesi bilen Nurynyň açyk we belent sesiniň utgaşmasynda ýerine ýetirilen eseri uly tolgunma bilen garşy aldylar.

Çarlz Aznawuryň bir wagtda Mireille Mathieu bilen rus dilinde ýerine ýetiren meşhur şansony Asýa Konstanýan we Nury Nuryýew tarapyndan ýerine ýetirildi. 1981-nji ýylda "Tähran 43" filmi üçin ýörite ýazylan bu aýdym "Söýgüli durmuş" ("Une vie d'amour") diýlip atlandyryldy. Natalýa Konçalowskaýanyň rus diline terjimesinde bu aýdym "Baky söýgi" ady bilen tanalýar.

Konsertde rus dilinde Alla Pugaçýowanyň "Также как все" aýdymy Mähri Halmamedowa we Asýa Konstanýan we Aleksandr Fadeýewiň "Танцы на стеклах" aýdymlary Mähri Halmamedowa we Döwran Şammiýew tarapyndan ýerine ýetirildi.

Konsertdäki her bir duet ýurduň zehinli ýaşlaryna tüýs ýürekden begenýän tomaşaçylar üçin özüne çekiji we üýtgeşik boldy.

Konsert iňlis rok topary “Coldplay” -yň 2016-njy ýylda amerikaly aýdymçy Beýonse bilen bilelikde ýerine ýetiren "Anthem for the weekend" eseri bilen tamamlandy.

Gynansagam, öňünden gatnaşjagy yglan edilen Maýsa Nyýazowa konserte gatnaşyp bilmedi.

Konserte baranlaryň arasynda dürli ýaşly we milletli tomaşaçylar bardy. Gartaşan aýaly maýyplar üçin arabada getiren maşgala köpleri tolgundyrdy. Olara konsertden öň we soň köp adam basgançakdan düşmäge kömek hödürledi. Awtobus duralgasynda bolsa, 36-njy awtobusyň sürüjisi arabany ulaga salmak üçin düşüp kömek etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar
EURO 2020-niň resmi senasy ilkinji gezek ýaňlandy
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
Tramp, Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasy Üçin Waşingtonda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Etdi
2020-nji ýylyň iň oňat gadjetleriniň reýtingi düzüldi
Geçi dawasy sahnada