Aşgabatda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde kwotalaryň çäginde bilim almak boýunça seminarlar geçirilýär, Fransuz instituty film görkezilişine çagyrýar, Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy we beýleki habarlar

Aşgabatda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde kwotalaryň çäginde bilim almak boýunça seminarlar geçirilýär, Fransuz instituty film görkezilişine çagyrýar, Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 3 — 5-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky Rus öýi geljekki talyplary Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň indiki okuw ýyly üçin kwotasynyň çäginde rus ýokary okuw mekdepleri üçin seminarlara çagyrýar. Seminarlar şu salgyda geçirilýär: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý. Öňünden ýazylmak üçin telefon belgisi: +993 65 79 97 51.

2.Aşgabatdaky Fransuz instituty 5-nji oktýabrda sagat 17:00-da geçiriljek Fedçenkonyň ýatdan çykarylan buzlugy filminiň görkezilişine we filmiň awtory Sedrik Gra bilen söhbetdeşlige gatnaşmaga çagyrýar.Bu dokumental film 2022-nji ýylda surata düşürildi.

Filmiň fransuz dilindäki asyl görnüşi iňlis subtitrleri bilen türkmen tomaşaçylaryna görkeziler.Görkezilişden soň filmiň awtory Sedrik Gra bilen söhbetdeşlik guralar.Söhbetdeşligiň dowamynda Ekspedisiýalar we alpinizm howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmegiň guraly hökmünde atly tema boýunça pikir alşylar.Filmiň görkezilişine baryp görmek öňünden ýazylmak arkaly mümkindir.

3. Abu-Dabide geçirilýän halkara nebit-gaz sergisinde Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri hem-de Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy öz diwarlyklarynyýaýbaňlandyrdylar. Forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer. Bu iri foruma 164 döwletden 160 müňden gowrak adamgatnaşar.

4. Türkmenistanyň wekiliýeti Pekiniň ulaglar uniwersitetinde geçirilen halkara festiwala gatnaşdy. Çärä 34 ýurtdan myhmanlar ýygnandy, olar milli äheňdäki ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türkmen wekiliýeti milli küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, festiwala gatnaşyjylar myhmanlary türkmen milli tagamy bolan dograma hödürlediler. Uniwersitetiň mugallymlary ony festiwalyň iň gowy tagamy diýip ykrar etdiler.

5.Türkmenistanyň paýtagtynda Howa we ekologiýa boýunça ikinji festiwal guralar we ol 15-nji oktýabrda Kemine köçesiniň ugrundaky Türkmen-türk mekdebiniň çäginde geçiriler.Festiwal Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýaş eko-blogerler bilen bilelikde guralar. Çäräniň maksady daşky gurşawyň global meselelerini, olaryň netijelerini we durmuşa edýän täsirini açmak, şeýle hem bu meseläni çözmekde her kimiň nädip kömek edip biljekdigi barada oýlanmaga çagyrmak.

Dünýäde

6. Özbegistanyň paýtagtynda Ýüpek ýolunyň merjeni atly halkara film festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Gyzyl halyda Sami Naseri, Emir Kusturisa, Kewin Speýsi ýaly dünýäniň kinematografiýa ýyldyzlaryny özbek hanlarynyň keşbindäki aktýorlar garşyladylar we myhmanlaryň özlerini XII asyrda ýaly duýmaklary üçin çykyş etdiler. Amfiteatr görnüşinde taýýarlanan esasy sahnada edebi-sazly uly çykyş sahnalaşdyryldy.

7. 15 ýaşly Kirato Hitake ýüpli bökmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýetginjek böken wagty ýüpi sekiz gezek aýlamagy başardy. Bu netijäni gazanmak üçin ol 28 gezek synanyşyk etmeli boldy. Kirato Hitake bäşinji synpdan bäri ýüpli bökýär. Ol uzak wagtlap howada durmak, şeýle hem ýüpüň aýlanyş tizligine bökmek usulyny kämilleşdirmek üçin köp wagt sarp edipdir.

Sport habarlary

8.Ahalyň goragçysy Ata Geldiýew AFK-nyň Çempionlar ligasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn topary bilen geçiriljek duşuşykdan öň öz pikirlerini peýlaşdy: AFK-nyň Çempionlar ligasyna örän güýçli toparlar gatnaşýar.

Muny bilýäris, ýöne olaryň her birine mynasyp oýun bilen garşylyk görkezip bolýar.Biz muny Saud Arabystanynyň Al-Feýhasy bilen geçiren ilkinji duşuşygymyzda subut etdik.AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýeterlik tejribämiz bar. Şu ýyl ýaryşda geçen ýyldakydan has gowy çykyş etmäge ymtylarys.

Al-Aýn bilen boljak duşuşykda-da elimizden gelenini gaýgyrmarys.Biziň ähli ukyp-başarnygymyzy orta goýmagymyz we meýdanyň her bir santimetri üçin barlyşyksyz göreş alyp barmagymyz gerek ― diýip, Geldiýew belledi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawyndaky Ahal Al-Aýn duşuşygy şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

9. Türkmenistanyň kuraş ussatlary Hançžou şäherinde geçirilýän ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynda üçünji medalyny gazandylar. Göreşiň bu görnüşi boýunça ýaryşyň soňky gününde Işanmyrat Ataýew topara bürünç medal getirdi. Ol bu üstünligi 90 kilograma çenli agram derejesinde medal ugrunda bäsleşýän 9 gatnaşyjynyň arasynda gazandy.

10. 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş badalga aldy. Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda geçirilýän ýaryşa ýurduň ähli welaýatlaryndan jemi 287 adam gatnaşýar. Türkmenistanda geçirilen küşt oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek, şu gezekki ýaryşyň netijeleri www.chess-results.com halkara onlaýn platformada ýerleşdiriler.

Ýene degişli makalalar

14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWAZA MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNA BARDY