Aşgabatda Russiýa kinosungatynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Russiýa kinosynyň Türkmenistandaky günleri, däp bolşy ýaly, dostlukly ýurduň kinematografiýaçylarynyň duşuşygy bilen açyldy, myhmanlar görkeziljek filmler bilen tanyşdyrdylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdiler.Paýtagtymyzyň Aşgabat kinoteatryna ýekşenbe güni, 3-nji oktýabrda Russiýa medeniýetiniň görnükli wekillleri: RSFSR-iň halk artisti Swetlana Nemolýaýewa, Russiýanyň at gazanan artistleri Wladimir Zaýsew, Tatýana Şumowa we Wladimir Bolşow, aktýor we režisýor Wladimir Potapow, şeýle hem prodýusser Georgiý Malkow, FESTSINEMA JÇJ-niň wekilleri Sergeý Los hem Natalýa Mehowa bilen duşuşyga kinosungatynyň dürli ýaşdaky muşdaklary ýygnandylar.

Derrewem russiýaly kino işgärleri bilen türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda özüne çekiji söhbetdeşlik başlandy.Tatýna Şumowanyň: Biz dürli döwletlerde ýaşasagam, bizi umumy taryh we medeniýet birleşdirýär, çünki biz bile! -diýen sözi duşuşygyň şygaryna öwrüldi.

Aktýor Wladimir Zaýsew heniz DTSI-de okan döwri umumy jaşaýyş jaýynda türkmen talyplary bilen bir maşgala ýaly agzybir ýaşandyklaryny ýatlady.Bu gün bolsa ol gülläp ösýän we myhmansöýer ýurdumyza gelendigine begenýändigini aýtdy.

Ol: Gündogar hemişe özüne çekiji hem owadandyr.Elbetde, biz birek-birege we tomaşaçyalara köp zat aýdyp biljek, türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikdäki taslamalarda işleşmek gyzykly bolardy-diýdi.Wladimir Zaýsew: Käbir filmlerde barypýtan deýýuslaryň, beýlekilerde salyhatly adamlaryň keşbini döredýärsiňiz, şolaryň haýsy size ýeňil düşýär? -diýen sowala, artist kinematografiýa ýaramaz adamlaryň keşbini döretmekden başlandygyny aýtdy. -Men şu kysmy keşpleri döredýärdim.

Soňra ýagşy adamlaryň keşbini döretmäge synanyşdym, bu hem döredijilik çägimi giňeltmäge mümkinçilik berdi men ekranda dürli häsiýetli keşpleri döredip başladym.Men başga bir zady bellemekçi, -- häzirki, çalt depginlerde ösýän kino sungatynda men ýaly ýaşuly artistler ýaşlar bilen bir aýakdan gitjek bolmaly.

Munuň üçin diňe daş keşbiňe seredip, sport bilen meşgullanmak ýetik däl, özüne çekiji bolmaly, dürli zatlar bilen gyzyklanmaly. Çünki häzir aktýorlaryň ussatlygy örän ýokary, ýaş kärdeşlerimiz güýçli, zehinli artistler, olar özboluşly döredijilik pikirlenmesi hem-de çeýe duýugrlygy bilen tapawutlanýarlar --diýdi.

Prodýusser Georgiý Malkow bu temany dowam edip şeýle diýdi: -Tomaşaçylar üçin aktýoryň näçe ýaşyndadygynyň tapawudy ýok, häzirki wagtda kinematograf köp žanrlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ýagdaýda söwet döwri ýaly ululardyr kiçiler hemme kişi üçin aşa güýçli aktýor bolmak gaty kyn.

Indi köp pul we millionlarça tomaşaçy ýygnamak ýaly düşünjeler öňe çykýar.Tomaşaçylaryň: Eger kino önümleriniň köp tomaşaçy we kän pul ýygnamak ýaly görkezijileri esasy zat bolsa, onda olaryň çeperçilik gymmaty ikinji derejeli bolup galýar-da? -diýen sowaly söhbetdeşligi has şüweleňli etdi.

Tatýana Şumowa: -Prodýusserler bir zatdan, režisýorlar başga zatdan ugur alýarlar.Biz üçin esasy mesele, kino öz tomaşaçysyny tapdymy, adamlaryň aňyna we köňlüne tasir edip bilýärmi aktýorlar üçin gep, ine, şunda.

Baýraklardyr pul ýygnalyşynyň ýagdaýy biziň üçin beýle bir möhüm däl.Söhbetdeşlige RSFSR-iň halk artisti Swetlana Nemolýaýewa goşuldy, onuň sözleri biziň aktýorlyk ussatlygy baradaky düşünjämize kybap geldi: -Men kinoda we teatrda ençeme ýyl bäri işlämsoň her filmdir oýnuň döwrüň synagyndan geçýändigine düşündim, öz wagtynda ajaýyp saýanymyz biziň çagalarymyzdyr agtyklarymyz üçin toslanan ýaly bolup görünýär... Ýöne Ýewgeniý Ýewstigneýewiň, Ýewgeniý Leonowyň we Wahtang Kikabidzäniň nurly gussaly gözleri hem päk duýgylary beýan edýän keşbi meniň-ä ömürlik ýadymda galdy...

diýdi.Metbugat maslahatynyň ahyrynda myhmanlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine gyzykly sowallary, žurnalistler bolsa russiýa kinosynyň ýyldyzlaryna täsirli söhbetdeşligi üçin minnetdarlyk bildirdiler.Duşuşyga gatnaşanlaryň ählisi tomaşaçylaryň arasyna geçenden soň Ümsümligiň sesi filmi görkezilip başlandy, ol Russiýa kinosungatynyň Türkmenistandaky günleriniň başyny başlady.

Rezisýor Wladimir Potapowyň leningradly ýazyjy Tamara Sinbergiň Ýedinji simfoniýa powestiniň äheňinde döreden filmi Leningradyň gabawdan çykmagynyň 75 ýyllygyna bagyşlanýar.Onda ejesi her ýol bilen şäherden daşyna gitjek bolup, buz ýaly öýde taşlap giden ogly kiçijik Mitýany halas eden 12 ýaşly gyzjagaz Katýanyň sarsmaz ruhy barada gürrüň berilýär...

Dartgynly film tomaşaçylaryň ählisiniň erkekleriňem, zenanlaryňam gözüne ýaş inderdi.Ondan täsirlenen aşgabatlylar Wladimir Potapowa ajaýyp eseri üçin minnetdarlyk bildirdilier we oňa sowal baryny berdiler. -Gabaw döwri men Leningradda okaýardym diýip tomaşaçylaryň biri gürrüň berdi. Şol döwri öz gözi bieln gören adam hökmünde ýagdaýyň edil kinoda görkezilişi ýaly bolandygyny aýdyp biljek.

Hakykaty görkezeniňiz üçin köp-köp sag bolsun aýdýaryn.Režisýor hökmünde baş keşbi döredeni nireden tapdyňyz?diýen sowala Wladimir Potapow şeýle jogap berdi: -Alina Sargina synaga kiçijik oglan jigisini getirdi, gyzjagazyň jigisi barada alada edişini görenimde ony Katýanyň roluna synamagy ýüregime düwdüm.

Men ondan ssenariden bölek okamagy haýyş edenimde, Alina ony şeýle bir tolgundyryjy okady welin, asyl men aglaýdym. Şeýdibem baş gahrymanyň keşbini kimiň döretmelidigi baradaky mesele çözüldi duruberdi!Biz ssenaride Tamara Sinbergiň powestiniň ýordumyny birneme üýtgetdik, eserde Katýa 15 ýaşly gyz, onda gyz bilen Mitýanyň kakasynyň arasynda duýgylar döremek mümkinçiligi bardy.

Biziň üçin bolsa, ýetim galan, ýöne durmuşda ýanbermedik, söýgüsini we bar aladasyny ýat oglanjyga bagyş eden kiçijik gahrymanyň edermenligini görkezmekdi.Näme üçin filme Ümsümligiň sesi diýip at berildi?

Men bu sowalyň beriljekdigini aňýardym, çünki menden muny kän soransoňlar, indi oňa pikirlenmän jogap berip biljek.Guzyjyklaryň ümsümligi ýa-da Ikatýogyň höwürtgesiniň üstünden uçup ýaly belli filmlerde guzy-da, ikatýogam ýok. Şeýle bolsa-da, olaryň ady rezisýoryň ýörelgesini beýan edýär. Ümsümligiň sesi sözi, meniň pikirime görä, ýordumyň dartgynlylygyny we baş gahrymanyň söýgüsidir durmuşa yhlasy bilen heläk bolýany halas eden ýüregi päkize, mahirli kiçijik gyzjagazyň keşbini açyk beýan edýän ýaly bolup dur...

Russiýa kinosungatynyň eserleri bilen tanyşlygyň birinji güni tomaşaçylarda güýçli duýgylary oýardy, olar zehinli sungat işgärlerine minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda russiýa kino sungatynyň eserleri görkeziler
Kaýa Kallas Estoniýanyň hökümet başlygy wezipesini terk edýär
Ramil Guliýew Altyn Medalyň Eýesi Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi