7-nji maýda Aşgabada Orsýetden hökmüet başlygynyň orunbasary Konstantin Çuýçenkonyň baştutanlygynda delegasiýa gelip, Türkmenistanyň DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen hökümetara ykdysady komissiýa boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde gepleşikleri geçirdi.
“Nebit-gaz maglumatlary” agentliginiň saýtynyň “Nowosti” habar gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda ÝET, gazhimiýa, transport, ykdsadyýetdäki sanlaşdyrma we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar türkmen tebigy gazynyň Orsýete gaýtadan iberilip başlanmagyna ýokary baha berdiler.
Çuýçenkonyň duşuşykdan soň gürrüň bermegine görä, taraplar transport boýunça hyzmatdaşlygy, hususan-da Hazarda Astrahan, Mahaçgala we Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) aralygynda deňiz gatnawlaryny giňeltmek meselerineuly ähmiýet berýärler.
“Sanlaşdyrma boýunça biziň hünärmenlerimiz dialogy giňeltmäge we tejribe alyşmaga, şol sanda elektron hökümetde we beýleki ugurlarda tehnologiýalary ornaşdyrmaga taýýar” diýip, rus delegasiýasynyň başlygy aýtdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, Konstantin Çuýçenkony Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem kabul etdi.
Olar, türkmen gazynyň Orsýete iberilmeginiň dikeldimeginden başga, agzalan temalaryň tas ählisi boýunça maslahat etdiler.Orsýete gaz ibermegiň dikeldilendigi hakynda türkmen mediasy, näbelli sebäplere görä, hiç bir habar bermeýär.
Ýatladýarys, 15-nji aprelde “Gazprom” Türkmenistandan gaz satyn almagyny dikeltdi. Häzirki pursatda şu ýylyň iýun aýynyň aýagyna çenli 1 mlrd kub metrden sähel gowrak gaz almak baradaky şertnama gol çekildi. Bahalar we gaz almagyň şondan aňryk hem dowam etmek mümkinçiligi barada häzirlikçe maglumat berilemýär.