Aşgabatda Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi atly konsert geçiriler

Aşgabatda Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi atly konsert geçiriler

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi atly konsert geçiriler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebowyň türkmen kinematografiýasynyň altyn hazynasyna giren belli filmlere döreden sazlary Türkmen Döwlet sinfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetiriler. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş drižýory bolsa Resul Gylyjowdyr.

Konsert 16:00-da başlanar.

Bir ýyl mundan ozal aradan çykan çykan meşhur kompozitoryň kinofilmlere ýazan sazlary onuň köpugurly döredijilik mirasynyň uly bölegidir.Onuň gyzy Aýjemal Rejebowanyň aýtmagyna görä, kakasynyň bu žanr kakasynyň döredijiliginde möhüm orna eýe bolup, öz döreden sazy bilen filmiň ýordum ugruny has doly açmaga, ondaky pikirleri we duýgylary has takyk bermäge çalşardy.

Bu ugurda kämillige ýetmek üçin žanryň tilsimlerini we mümkinçiliklerini doly öwrenipdi. Şonuň üçin hem Rejep Rejebowyň kinosazlary režisýoryň pikirini güýçlendirip, liriki äheňde gahrymanlaryň içki duýgylaryny çuňňur beýan edip, tomaşaçylaryň içki dünýäsini baýlaşdyrýar.

Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebow kompozitorlaryň, aýdymçylaryň, nakgaşlaryň we režisýorlaryň ençemesi bilen dostlaşypdy hem-de hyzmatdaşlykda bolupdy. Zehinli režissýor Bulat Mansurow bilen hyzmatdaşlygy ony kino üçin sazlar älemine ruhlandyrýar. Rejep Rejebow Ýuriý Trifonowyň romany boýunça Утоление жажды, Andreý Platonowyň Рабыня hekaýasy boýunça filmlerine saz ýazdy. Bu ajaýyp zehinleriň döredijilik hyzmatdaşlygy gowy netijeler berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew Olimpiýa oýunlarynda ýaryşar
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
Türkmenistanly agyr atletikaçy Bunýad Raşidow Katar Gran prisinde iki medal gazandy
Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi
Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy
Malaý edebiýaty