Aşgabatda protokol köçeleriniň köp bölegi ýapylyp başlandy

Aşgabatda protokol köçeleriniň köp bölegi ýapylyp başlandy

21-nji awgustdan başlap Aşgabadyň protokol köçeleriniň köp böleginiň ýapylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

17-nji Sentýabrda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji aziýa oýunlaryna 28 gün galanda, Olimpiýa şäherçesine golaý köçeleriň ýapylyp başlanandygyny aýdýarlar.

Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynyň ýaşaýjysy, işçi Oguldursunyň sözüne görä, A. Nyýazow şaýolundan başlap, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollary ýokarlygyna 10-ýyl Abadançylyk köçesine çenli ýapylypdyr.

“Köçelerde ýol hereketini kadalaşdyrýan ala çyzgylary çyzyp, tehnikalar bilen iş geçirýärler. Bir bada birnäçe köçäniň ýapylmagy ýaşaýjylar üçin uly kynçylyk döretdi. Sebäbi esasy ýollaryň ýapylmagy bilen awtobus gatnawlary öz ugurlaryny üýtgetdiler. Beýleki köçelerde ulaglaryň gatnawy ýokarlandy. Bu bolsa ýaşaýjylara işe gitmekde uly bökdençlik döredýär” diýip, Oguldursun aýdýar.

Ozal Türkmenbaşy şaýolyndan ýöreýän 16, 20, 29, 38, 34, 37 belgili awtobuslar indi Andalyp köçesinden gatnaýarlar. Oguzhan hem Atatürk köçelerinden gatnaýan 19 belgili awtobuslar hem Andalyp köçesinden gatnaýarlar.

Türkmenbaşy şaýolunyň ýapylmagy bilen Andalyp köçesiniň awtoulag gatnawyna hem juda agram düşýändigine ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Parahat-1 we 2 etrapçalarynyň Türkmenbaşy şaýoluna çykýan araýollaryna hem beton böleklerini goýup, etrapçalardan şaýola çykmaga gadagançylyk döredilipdir. Indi etrapçalaryň arasyndan ýöräp, Andalyp köçesine çykyp awtoulaga münmeli, bu bolsa giden bir uzak aralyk” diýip, Oguldursun aýdýar.

Beýleki bir geň ýagdaý, protokol köçe atlandyrylýan köçeler ýapyk bolsa-da, şäherde awtomobil dyknyşyklary göze ilmeýär.

Munuň sebäbiniň ýaşaýjylar Aşgabadyň köçelerini könelişen awtoulaglardan, welaýat belgili awtoulaglardan arassalanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

“Çäklendirme munuň bilen durmaz” diýip ýaşaýjylar aýdýarlar. Milletiň sözüne görä, Türkmenbaşy şaýolunyň gyrasynda Olimpiýa şäherçesine garap duran jaýlaryň ýaşaýjylary Aziýa oýunlary döwründe, öz öýlerinde ýaşamaly däl. Olar Aziýa oýunlary geçýänçä kireýne jaýlara ýa bolmasa dogan-garyndaşlarynyň öýlerine ýaşamaga gitmeli bolarlar diýen gürrüň bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 18 medal gazandylar
Telekeçiler işden çekilýärler, bazar gymmatlaýar
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Sungata ömrüni baglan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda