Aşgabatda prezidentiň dikuçarly sapary sebäpli ulaglar aýyrdyldy

Aşgabatda prezidentiň dikuçarly sapary sebäpli ulaglar aýyrdyldy

Aşgabadyň Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň awtoulaglaryny jaýlaryň golaýynda goýmaly däldikleri baradaky gadagançylyk indi ýarym ýyldan bäri ilata rahatlyk bermeýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Etrapçasynyň golaýynda awtoduralga diýlip görkezilen ýerde ulagyňy goýmaga hiç bir amatlyk ýok. Ol ýerde ne çyra bar, ne-de gözegçi. Ýöne bir buldozer bilen tekizlenen ýeri awtoduralga diýip görkezdiler. Onuň daşynda haýat hem ýok, her kim çem gelen ýerde ulagny goýup gaýtmaly. Awtoulaglaryň tekerleri ogurlanýar, muňa-da jogap berýän ýok” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly Aman aýdýar.

Şeýle ýagdaýda-da döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri ozalagşamdan etrapça aýlanyp, ewakuator bilen jaýlaryň golaýynda goýlan awtoulaglary jerime duralgasyna alyp gidýärler.

Soňra awtoulagyny aljak bolýan sürüjilere 500 manat jerime salynýar, olar ewakuator üçinem 50 manat tölemäge mejbur bolýarlar.

Käte jaýyň golaýynda duran awtoulagyň öňünden hem yzyndan belgisini surata düşürip, ony döwlet awtoinspeksiýasynda hasaba alyp, 500 manat möçberde jerime töledýärler.

“Şeýle jezalardan gutulmak üçin, ýaşaýjylar owalagşam ulaglaryny awtoduralga eltip goýýarlar. Gije ýarymdan soňra ony ýene-de ýaşan jaýynyň ýanyna getirip, gözleriniň ýetip duran ýerinde goýýarlar. Emma 21-nji noýabrda, ir sagat 5-30-da ukuda ýatan ýaşaýjylaryň üstüne ala-zenzele bolup, awtoinspektorlaryň tutuş bir armiýasy döküldi” diýip, Aman dowam edýär.

Döwlet awtoinspeksiýasynyň awtoulaglarynyň çasly sesi awtoulag eýelerini süýji ukudan oýardy. Ulagyndan howatyr edýän maşyn eýeleri ýarym-ýalaňaç ylgaşyp daşaryk çykdylar.

Etrapça dökülen awtoinspektorlar maşynlaryň aýrylmalydygyny aýdyp, ýaşaýjylary şeýle bir gyssaýardylar. Alaçsyz galan maşyn eýeleri ulaglaryny gaýtadan awtoduralga alyp gitdiler.

Bir salymdan sürüjiler bu daňdanky başagaýlygyň döwlet ýolbaşçysynyň ir ertirden, dikuçarda Aşgabadyň üstünde uçmakçydygy bilen baglydygyny anykladylar.

Döwlet ýolbaşçysy her gezek Aşgabadyň üstünde aýlaw edende, adamlara gadagançylyk artdyrylýardy, ýöne bu günki daň säherden hökümet işgärleriniň ilatyň üstüne biwagt dökülmeginiň ilat üçin juda ýakymsyz bolandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

“Ilat üçin döredilýän bu kynçylyklar döwlet ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen döredilýärmi ýa-da gullukçylaryň tagallasy bilen şeýle gözçykgynçlyklar edilýärmi?” diýip, ýaşaýjylar biri-birine sorag berýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda polisiýa işgärleri dükanlardan mugtuna haryt alýarlar
Pakistanda Polisiýa Merkezi Nyşana Alyndy
Russiýa, Ukraina Degişli 2 Etrapçany Ele Geçirdi
Türkmenabatda ýene-de suw üpjünçiligi kesildi
Suwy ölçegli we tölegli ulanmak talap edilýär
Aşgabatda hususy dükanlary ýapmak mejbur edilýär