Aşgabatda pişikler ýene zäherlenip öldürilýär

Aşgabatda pişikler ýene zäherlenip öldürilýär

Aşgabadyň häkimiýetleri şäherdäki öýsüz-öwzarsyz pişikleri ýok etmek çärelerini gaýtadan güýçlendirdiler. Şu günler paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde we golaýynda zäherlenip öldürilen pişikleriň jesetleri köpeldi.

"Bizde pişikleri we itleri awlamak, olary zäherläp öldürmek çäresi gutarmady. Şäheriň ähli künjeginde pişikleri zäherleýärler. Häzir itler ýok diýen ýaly" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 16-njy ýanwarda beren maglumatynda aýtdy.

Awy goşulan etleri ýa-da beýleki maddalary iýen pişikler köplenç ýerzeminlerde ölýärler. Ýaşaýjylar pişikleriň ölendigini olaryň jesetleri porsap, ysy tutuş girelgä ýaýrap başlanda bilip galýarlar.

"Men her gün eýesiz pişiklere iýmit berýärin. Olaryň sanynyň gün-günden azalýandygyny görüp, ýüregim agyrýar" diýip, haýwanlary gorap çykyş edýän aşgabatly aktiwist aýtdy.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada paýtagtyň häkimliginden we jemagat hojalygy müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Bu çäreler haýwanlary tutýan gulluklar we jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýurduň dürli künjeginde wagtal-wagtal amal edilýär.

Şeýle çäreler soňky gezek geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda we Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde geçirilipdi.

Onýyllygyň dowamynda häkimiýetler ýurtda öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi barada aç-açan mesele gozgamadylar. Şeýle-de olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.

Beýleki tarapdan, häkimiýetler ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirip, "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlaryny, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medalyny döretdiler we türkmen alabaý itleriniň baýramyny esaslandyrdylar.

Geçen ýylyň iýulynda ýurtda itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun hem kabul edildi. Kanunyň 41-nji maddasynda bu kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslaryň "Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändigi" aýdylýar, ýöne jeza çäreleriniň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Aktiwistler ýurtda idegsiz haýwanlary ýok etmek çäreleriniň dowam edýän wagtynda kabul edilen bu kanuny ikiýüzlilik diýip atlandyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Änewde itler ýene köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar
Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler
Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy