Aşgabatda Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň milli elektrik kompaniýasy Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligi baradaky şertnamanyň möhletini uzaldýan ylalaşyga gol çekdi.
TASS-yň Owganystanyň Suw we energiýa üpjünçiligi ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, ylalaşyga Türkmenenergo-nyň başlygy we DABS-nyň baş müdiri gol çekdi.
Türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurda ýeňillikli bahalar bilen üpjün edilýär, bu bolsa demirgazyk welaýatlarynyň, günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň hemmesini, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap welaýatlaryny, şeýle hem Mazar-i-Şerif, Şibergan we beýlekileri öz içine alýar.
Mundan ozal, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.