Aşgabatda "OGT-2024" halkara maslahatynyň ikinji güni tamamlandy

Aşgabatda "OGT-2024" halkara maslahatynyň ikinji güni tamamlandy

24-nji oktýabrda Aşgabatda nebit-gaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemlän "OGT-2024" halkara maslahatynyň we sergisiniň ikinji güni geçirildi. Bu gün türkmen gazynyň geljegi we energetika geçişi barada möhüm maslahatlaşmalar bilen baý boldy.

Günüň esasy çäresi türkmen tebigy gazynyň geljegi we täze eksport ugurlary baradaky panel maslahatlaşmasy boldy. Oňa "Türkmengaz" DK-nyň, "QazaqGaz" kompaniýasynyň wekilleri we halkara ekspertler gatnaşdylar. Mundan başgada, TAPI gaz geçirijisi taslamasyna we täze bazarlara çykmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Indiki sessiýalarda tebigy gazy pula öwürmek, tehnologik innowasiýalar we energetika geçişinde adam maýasynyň orny ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, "Türkmenhimiýa" DK-nyň, halkara kompaniýalaryň we ylmy institutlaryň wekilleri bar.

Jemleýji tehniki sessiýa ýerasty gaz ammarlary we geotermal energiýa meselelerine bagyşlandy. Bu ýerde hünärmenler şu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak tejribesi bilen paýlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri
Pakistanyň energetika ministri Türkmenistana geler
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar
“Yug-Neftegaz Private Limited” OGT-2023 halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy boldy