“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen okuw-türgenleşigi gurak howa şertlerinde oba hojalyk önümçiliginde suwdan peýdalanmagyň ugurlaryna bagyşlandy. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygynyň we obalaryň mundan beýlägem durnukly ösüşine ýardam etmegiň III tapgyry (SARD III)” taslamasy BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin energiýadan netijeli peýdalanmak we energiýanyň dikledilýän çeşmeleri (EERE)” taslamasy bilen bilelikde gurnaldy.
Taslamalaryň ikisi hem Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.
Okuwa Oba we suw hojalyk ministrliginiň, onuň Ahal we Balkan welaýatlarynyň gurluş düzümleriniň wekilleri, “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.Alymlar, gidromelioratorlar we bilermenler durli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde ekinler suwarylanda suwy 40-50 % tygşytlamaga mümkinçilik berýän, şol sanda töwerekleýin we frontal suwarmagyň usullary, sprinklerler we damjalaýyn suwaryş usullary barada gürrüň berdiler.
Suwdan peýdalanmagyň we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň tehniki, hukuk we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýik Britaniýadan SARD III maksatnamasynyň bilermeni Dewid Pepper Saud Arabystanynda kartoşkany we sogany ýetişdirmegiň, yssy howa şertlerinde şol ekinleri suwarmagyň usullarynyň tejribesi barada gürrüň berdi. Okuwyň çäklerinde oňa gatnaşanlar suw tygşytlaýjy dürli tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky “Gök meýdan” tejribe-synag meýdançasyna baryp gördüler.
Okuw-türgenleşige gatnaşan suw hojalyk ulgamynyň hünärmenlerш taslamalary durmuşa geçirmegiň barşynda öwrenilen bilimleriň oba hojalyk ekinleriniň öndürilişini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda ýetişdirmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden wajypdygyny bellediler.