Şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde IV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatr artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda garaşylýar. Halkara teatr festiwala G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry hem gatnaşjakdygyny tassyklady.
IV Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň döredijilik topary Gelmişek spektaklyny ýerine ýetirer. Onda uruşdan soň Kanadada arassa durmuşa başlan esger Nakip hakda gürrüň berilýär.
Ol Kanadanyň etegindäki kiçijik şäherçede tatar obasyny ýatlap, ýeralma ösdürip ýetişdirýär. Hello-iň ýerine derek tatarça Sabantuý diýýär. Ahyry gowy günleriň birinde goňşusy Şamuwel öňki sowet raýatlarynyň hemmesine Watanyna dolanmaga rugsat berlendigini habar berýär.
Gahryman dogduk mekanyna gaýdyp gelermi, ilkinji söýgüsi bilen duşuşarmy ýa-da ejesiniň mazaryna zyýarat edermi? Teatr söýüjiler ony halkara teatr festiwalynyň çäklerinde anyklap bilerler.
Belläp geçsek, Aşgabat şäherinde III Halkara festiwalyň 4 ýyl ozal, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi. Oňa ABŞ, Russiýa, Estoniýa, Türkiýe, Eýran ýaly 12 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdy. Halkara festiwalyň çäginde paýtagtyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň ussatlyk sapaklary geçirildi we çykyşlar guraldy.
Halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi milli teatr sungatyny ösdürmegi, halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmagy we Türkmenistanyň dünýäniň teatr giňişligindäki abraýyny artdyrmagy maksat edinýär.