Aşgabatda nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

Aşgabatda nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

Güýzki at çapyşyk möwsüminiň üçünji çapuw güni hem janköýerleriň şowhuny astynda guramaçylykly geçirildi. Biri-birinden çekeleşikli çapuwlar seýisleriň hem-de çapyksuwarlaryň jogapkärli möwsüme taýýarlykly gelendigini aýdyň görkezdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Däp bolşy ýaly, geçen hepdäniň şenbe güni ýetginjek çapyksuwarlar öz aralarynda ýaryşdylar.Olaryň ýaryşynda jemi alty çapyşyk geçirilip, iki ýaşar atlar üçin badalga bilen pellehana çenli aralyk 1000 metre deň boldy.

Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Rüstem Döwletowyň seýislän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli we ýetginjek çapyksuwar Arzuw Useýinowyň erk eden Käkilik diýen gurt mele gysragy 1-nji çapyşykda ýeňiş toýuny toýlady. 2-nji çapyşykda ýaryşa goşulan B.Çaryýewiň Tagsyr diýen gara dor hojalyk aty pellehana ilkinji gelmegi başardy. 3-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Merjen diýen gara gysrak ýyndamlykda tapawutlandy. 4-nji çapyşyk Aşgabat şäher häkimligine degişli Meleguş diýen mele atyň ýeňşi bilen tamamlandy. 5-nji çapyşykda Ş.Bekiýewiň Kerwen II diýen gara aty arzyly pellehanadan ilkinji geçdi.

Möwsümiň üçünji çapuw gününiň jemleýji 6-njy çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgözel diýen dor gysrak özüniň ajaýyp ýeňşi bilen janköýerlerini begendirdi.

* * *

18-nji sentýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşyklar aýratyn gyzgalaňlylygy bilen tapawutlandy.Güýzki at çapyşyk möwsüminiň üçünji çapuw gününiň ilkinji üç çapyşygynda-da ýelden ýyndam üç ýaşar atlar üçin pellehanadan badalga çenli aralyk 1400 metre deň boldy. Şeýlelikde, çapuw gününiň 1-nji çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Garlawaç diýen gara at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy.

2-nji çapyşykda Türkmenaragatnaşyk agentligine degişli Iňgözel diýen dor gysrak ýaryşa goşulan beýleki atlardan dyzynyň kuwwatlydygyny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülläle diýen dor gysrak 3-nji çapyşygyň ýeňijisi boldy.

Toý gününiň 4-nji çapyşygyndan başlap, badalga bilen pellehananyň aralygy 2000 metre ýetirilip, bu çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýyndamlygyny görkezdiler. Şeýlelikde, 4-nji çapyşyga goşulan saýlama dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Türkmenaragatnaşyk agentligine degişli Ýantar diýen dor at pellehana ilkinji geldi.

5-nji çapyşykda ýaryşa goşulan atlaryň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Dostum diýen mele at beýleki atlardan ozmagy başardy.

Dört we uly ýaşar atlaryň 2000 metrden goşulan 6-njy çapyşygy diýseň çekeleşikli geçdi.Bu çapyşykda ýeňiş ugrundaky ýaryş Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Tokaý hojalygy döwlet kärhanasyna degişli Dordepel hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Ýagmyr diýen dor atlaryň arasynda geçdi.

Netijede, ussat seýis Atajan Amansähedowyň seýislän we II derejeli çapyksuwar Ylham Saparowyň erk etmeginde çapuw ýodasyna çykan Dordepel bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Ussat çapyksuwarlaryň üçünji çapuw gününiň jemleýji 7-nji çapyşygynda 2200 metrden ýaryşa goşulan dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gutly diýen bedewe ýyndamlykda taý tapylmady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
SUEZ fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Magtymgula bagyşlanan dabaralar geçiriler
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi