Aşgabatda Nexus sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramaçylyk goldawy bilen Aşgabatda Nexus sebit taslamasynyň pudagara iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi, onuň maksady Merkezi Aziýada suw, energetika we azyk howpsuzlygynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen köpugurly durnukly-howa maýa goýumlary üçin amatly mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýada bu işi Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde sebit ekologiýa merkezi (MAESM) we tebigaty goramak halkara bileleşigi (TGHB) utgaşdyrýarlar.Taslamanyň maksady--suw serişdelerini, ekoulgamy, energetikany, oba hojalygyny dolandyrýan milli ministrlikler bilen hyzmatdaşlykda degişli maksatnamalary işläp taýýarlamakdyr.

Türkmenistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda pudagara iş toparlary döredildi.AHEHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti biziň ýurdumyzda maksatnamanyň milli hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

Türkmen hünärmenleriniň toparynda-- maliýe we ykdysadyýet, energetika, oba we suw hojalygy, jemagat hojalygy ministrlikleriniň, şeýle hem daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky gidrometeorologiýa baradaky Döwlet komitetletiniň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, şeýle-de AHEHG-nyň gurluş düzümleriniň—Gaznanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň sekretariatynyň wekilleri, şeýle hem alymlar, ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.

Duşuşyk tegelek stol görnüşinde geçirildi. Nexus sebit maksatnamasynyň ýolbaşçysy Lýudmila Kiktenko we MAESM-niň Daşky gurşawy dolandyrmak maksatnamasynyň esasy hünärmeni Saltanat Žakenowa bu ýere ýygnananlary taslamanyň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

AHEHG-nyň ÝÝK-niň başlygynyň orunbasary Batyr Rejebow öz çykyşynda neksus-çemeleşmäniň, ýagny bölümçeara özara hereketiň suw serişdelerini goşulyşma esasynda dolandyrmak jähtinden golaýda belli bolandygyny belledi.Soňra 2015-nji ýylda BMG-nyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň kesgitlenmegi bilen oňa ykdysady ösüş şertlerinde ekologiýa deňagramlygy saklap galmagyň guraly hökmünde garalyp ugraldy.

Taslamanyň barşynda synaljak täze pikirler Aral deňziniň töwereginiň ýurtlaryna kömek bermek boýunça nobatdaky -4-nji Maksatnamany taýýarlamaga ýardam eder.

Maslahatda Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän we döwlet tarapyndan amala aşyrylýan infrastruktura çäreleriniň üstüni ýetirjek maýa goýum taslamalaryny taýýarlamagyň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Nexus taslamasy boýunça aşgabat maslahaty sebitde ilkinji maslahatdyr. Yzygiderli pudagara hyzmatdaşlyk milli we sebit derejelerinde netijeli özara hyzmatdaşlyga hem-de innowasion çemeleşmeleriň integrasiýasyna ýardam eder.

--Agyz suwuna, energiýa we azyk önümlerine isleg artýar, şonuň üçinem önümçligiň ösüşi bilen ekologiýa taýdan durnuklylygyň deňagramlylygyny saklap galmak möhümdir. Pudagara hyzmatdaşlygyň özeni hem şundadyr—diýip MAESM-niň taslamalarynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Döwlet Jumagulyýew aýtdy.

Pudagara iş toparyna gatnaşan—DÖDT-iň Ylmy-maglumatlar merkeziniň bioköpdürlilik we ekologiýa bölüminiň başlygy Batyr Gurbanow her pudak edarasynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen wezipäni çözmek üçin işleýändigini, ýöne ykdysady bölümçeleriň bilelikdäki hereketleri üçin mümkinçiligiň bardygyny belledi. Taslamanyň çäklerinde bu ugurdan işlemekçi. Ýylyň ahyryna çenli duşuşyklaryň dördüsini geçirmegi we bölümçeara çemeleşmäni göz öňünde tutup, maýa goýum tekliplerini taýýarlamagy göz öňünde tutýarys.

--Pikir kän, olaryň ählisi has ýörüteleşdirilen we olary durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmek ykdysady taýdan köp peýda berer—diýip, AHEHG-nyň ÝÝK-niň Sekretariatynyň baş hünärmeni Igor Naumow belledi.—Biziň wezipämiz taslamanyň esasy maksadynyň—suw-energetika-azyk önümçiligi-howa-ekologiýa formulasy boýunça durnukly sebit ösüşini üpjün etmek jähtinden teklipleri saýlap almakdyr.

Suwy ikilenç ulanmagy dolandyrmak, ot-iým önümçiligi, Aralyň täsiri ýetýän ýerlerde bag ekmek ugurlary biziň ýudumyz üçin özara hereketiň ugurlaryndan has gymmatlysydyr. Şeýle hem Aral deňziniň töwereginiň ýurtlaryna kömek bermek boýunça ozalky maksatnamalaryňam durmuşa geçirilmedik bölekleri bar.

Suw-energetika hyzmatdaşlygy ýylsaýyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda bu ulgamda syýasy-diplomatik hereketleriň dürli gurallary ulanylýar, bu taslama-da serhetüsti derýalaryň serişde deňagramlygy meselesini çözmekde ädilen ýene bir ädimdir, şunda döwletiň abadançylygy hojalygy ýöretmegiň kiçi görnüşlerine bagly bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Tehnologiýa sergisindäki awtoulaglar
1-nji iýunda Lexus RX krossoweriniň täze nesli tanyşdyrylar
Ahalteke aty gününde edil kakasy ýaly, Serdar Berdimuhamedowa 8 bedew söwgat edildi
Melebaş — ýylyň iň owadan ahalteke bedewi
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi mälim edildi
Elektrik energiýasy bilen “Lexus” tanyşdyryldy